2-nji awgustda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy. Synaglar 28-nji awgusta çenli dowam eder.
14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly – 28-nji awgusty aralygynda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.
Şu ýyl bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, höwes edýän hünärleri boýunça giriş synaglaryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary esasynda alnyp barlyp, degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga beýleki okuw dersleri boýunça synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar. 2023-2024-nji okuw ýyly üçin ýokary okuw mekdepleriniň 10-synda täze hünärleriň 35-si girizildi. Olar bakalawr, hünärmen hem-de magistr maksatnamalary esasynda taýýarlyk ugurlaryny we hünärleri öz içine alýar. Bilim edaralarynyň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar.
Täze açylan hünär bilim edaralarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar. Mugallymçylyk mekdebinde 5-6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanar. Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary meýilnamalaýyn esasda bilim alýarlar.