Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.
Täjigistan we Özbegistan biziň hoşniýetli goňşularymyzyň hem-de hyzmatdaşlarymyzyň hataryndadyr.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň beýleki köptaraplaýyn meýdançalarda, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýäniň beýleki döwletleri we sebitleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam edýän görnüşlerde gatnaşyklar işjeňleşdirildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ony ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris. Oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler bar. Şunda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we Işewürler geňeşleriniň işine möhüm orun degişlidir. Olar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.
Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Munuň özi üç ýurduň çäk we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Bu babatda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça transkontinental multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Energetika ulgamy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bu ugur hem uly mümkinçiliklere eýedir.
Elbetde, ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Häzirki döwürde däp bolan gatnaşyklar medeniýet we sungat, bilim-ylym, ýaşlar syýasaty, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýär.