Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kö­pü­si ula­nyş möh­le­ti ta­mam­la­nan zy­ňyn­dy­lar­dan gaý­ta­dan çig mal hök­mün­de has köp ula­nyp baş­la­dy­lar. Daş­ky gur­şaw bi­len bag­ly ta­gal­la­la­ryň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de kom­pa­ni­ýa­lar aras­sa önüm­çi­lik pro­se­si­ne has köp üns ber­ýär­ler. Kom­pa­ni­ýa­lar daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len di­zaýn, önüm­çi­lik, gap­la­mak, da­şal­mak we önü­miň iş­le­dil­me­gi ýa­ly ugur­la­ra ma­ýa go­ýum gö­nük­dir­ýär. HP, «Acer», «So­ny», «Sam­sung», «Micro­soft», «Canon» we beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa dur­nuk­ly önüm­çi­lik üçin çyn­la­kaý tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. «Acer» kom­pa­ni­ýa­sy «Vero» at­ly ýankomp­ýu­ter­le­ri­niň kä­bir bö­lek­le­ri­ni ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dür­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň komp­ýu­ter­le­ri­niň kä­bi­rin­de «eko+» saý­la­wy bo­lup, bu aý­ra­tyn­lyk ula­ny­jy­la­ra en­ja­myň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny nä­çe­räk ula­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­ýär. Kom­pa­ni­ýa 2025-nji ýy­la çen­li ha­ryt­la­ry­nyň 40 gö­te­ri­mi­niň ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Şeý­le hem gap­la­ma­la­ry 100 gö­te­rim ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň elekt­ron en­jam­la­ry 2025-nji ýy­la çen­li ener­gi­ýa­ny 45 gö­te­rim has az sarp eder.
Komp­ýu­ter en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «Lo­gi­tech» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň kla­wia­tu­ra­la­ry­nyň we sy­çan­jyk­la­ry­nyň köp bö­le­gi­niň ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len­di­gi mä­lim edil­ýär.
Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan usul­lar ýa-da sarp edil­ýän ýan­gyç onuň ho­wa­ny nä­çe­räk za­ýa­la­ýan­dy­gy­ny kes­git­le­ýär.