Türkmen halk saz sungatynyň geçen taryhy ýolunda dutardyr gyjak aýdym-saz sungatynyň bileleşmeginde goşulyp, halkymyzy arassa kalply, ynsanperwer hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde halk arasynda esasy saz gurallary bolup gelipdir. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we onuň sekretariatynyň «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygary bilen dutara degişli «Dutar ýasamak, dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty» ady bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulanyna köp wagt bolanok. Indi bolsa gyjak saz guralymyz bilen dahylly halkymyz üçin bimöçber bahaly işiň durmuşa geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Milletiň medeni durmuşy bilen bagly halkara derejede halk bähbitli işler durmuşa ornaşdyryljak bolnanda ony hünärmenler goldap seslenseler, bu iş üçin uly ýardam bolýar.
Gyjak saz guralynyň geçen taryhy ýolunda ak ýürekden zähmet çekenler, olaryň durmuşa ornaşdyran işleri bilen halkymyzy tanyşdyrmak, ilki bilen, şol ugurdan zähmet çekýän hünärmenleriň paýyna düşýär. Şu makalada özleriniň manyly ömürlerini halk bähbitli işleri amala aşyrmaga bagyş eden ussatlaryň bitiren işleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Eýsem, gürrüňi ediljek bolunýan ussatlar kimler, olar gyjakda nähili işleri bitirdiler? Şu makaladaky gürrüňleriň esasy çeşmesi türkmen saz sungatynda uly işleri bitiren, Bäherden etrabynyň Bamy obasynda ýaşap geçen meşhur türkmen bagşysy Sary bagşy Pürli oglunyň (1871-1934) maşgalasyna we onuň dogan-garyndaşlaryna degişli.
Meşhur Sary bagşynyň maşgalasynda gyjak saz sungatynyň düýbüniň tutulmagy ussat gyjakçy Hanmämmet Allanur ogluna degişli. Hanmämmet Allanur ogly 1927-nji ýylyň 30-njy noýabrynda häzirki Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynda saz sungatyny öwreniji W.A.Uspenskä duşanda özüniň 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Daşýap obasynda dünýä inendigi, kakasy Allanuryň Garadäli gökleňden tälim alandygy hakdaky maglumaty aýdypdyr.
Hanmämmet Allanur oglunyň gyjakçy hökmünde Sary bagşa haýsy ýyllardan sazandarlyk edip başlandygy barada anyk maglumat ýok. Emma onuň 1927-nji ýylda Sary bagşynyň gapdalynda sazandarlyk edendigini subut edýän suratlar bar.
Saz sungatymyz bilen bagly maglumatlary toplamak we olary ylmy taýdan öwrenmek teklip edilip W.A.Uspenskä ýüzlenilende, ol birbada razylyk bermeýär. Rus alymy bu işe girişmezinden öň türkmen halk aýdym-sazlaryny diňläp, gözden geçireninden soňra bu işe girişjekdigini aýdýar. Netijede, 1921-nji ýylyň maý aýynyň 8-10-y aralygynda Daşkentde «Gündogaryň owazlary» atly çäre geçirilip, oňa Türkmenistandan birnäçe bagşy-sazandalar çagyrylýar. Şol medeni çärede Sary bagşy «Hatyrjem», «Görünmez», «Alagaýyşly», «Heserli», «Balsaýat» ýaly aýdymlary aýdanda oňa ogly Pürliniň gyjakda sazandarlyk edendigi baradaky maglumatlar häzir Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Hamza Hekimzada Niýazy adyndaky sungaty öwreniş institutynyň kitaphanasyndaky W.A.Uspenskiniň arhiwinde saklanýar.
Bar bolan şeýle resminamalar P. Saryýewiň eýýäm 20-21 ýaşlarynda kakasy Sary bagşynyň gapdalynda gyjakda sazandarlyk edendigini subut edýär. Şonuň üçin hem geljekde ussat dutarçy we gyjakçy bolup ýetişjek Pürli Saryýew gyjak çalmak bilen ýaşlygyndan meşgullanan bolmaly diýen pikiri öňe sürsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Sebäbi kakasynyň gapdalynda ýokarda atlary görkezilen aýdymlara gyjakda sazandarlyk etmek üçin gowy taýýarlygyň bolmaly.
Ussat sazanda, mukamçy kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew 1900-nji ýylda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda ussat bagşynyň maşgalasynda dünýä inýär. Geljekde ussat gyjakçy we dutarçy, mukamçy kompozitor bolup ýetişjek Pürliniň saz sungatyny saýlap almagy tötänlik bolmaly däl. Onuň kakasy Sary bagşy Pürli ogly ussat sazanda we bagşyçylyk sungaty bilen dahylly iki ussat halypadan – Kel bagşydan (dutardan) we Guwanç molladan (bagşyçylykdan – Garadäli gökleňiň şägirdi) ak pata alan saz sungatynyň görnükli wekili. Sary bagşynyň uly ogly Pürliniň sungat maşgalasynda dünýä inip, ösüp-ulalmagy onuň saz sungatyna bolan höwesiniň çagalykdan başlanmagyna sebäp bolýar.
Türkmenistanda sazçylyk mekdebi döredilende Pürli Saryýew, Nobat bagşy kimin türkmen saz sungatynyň ussatlary saz sungatynyň wekillerine tälim berip başlapdyrlar. P.Saryýew bu işinden daşary Türkmenistanda täze açylan türkmen radiosy bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ol ýerde her gün ýaýlyma berilýän konsertlere gatnaşyp saz çalar eken.
1935-1936-njy ýyllarda Moskwada bagşy-sazandalary gramplastinka ýazga geçirilende, şeýle-de 1939-njy ýylda öňki SSSR-iň çäklerinde ýaşaýan halklaryň halk saz guraly boýunça geçirilen halkara bäsleşiginde P.Saryýew ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen baýrakly ikinji orna mynasyp bolýar.
1941-nji ýylda Türkmen döwlet filarmoniýasy açylyp, onuň garamagynda Halk saz gurallary orkestri döredilende (bu topara soňra P.Saryýewiň ady dakylypdy) ol ýolbaşçy bellenýär, şeýle-de şol ýyllarda Türkmenistanda Kompozitorlar birleşigi döredilende birnäçe ilhalar aýdymdyr sazlary döredendigi göz öňünde tutulyp, ol bu gurama agzalyga kabul edilýär.
Atlary türkmen saz sungatynda hormat bilen tutulýan Oraz Saryýew, Annageldi Jülgäýew, Ata Ablyýew, Çary Gurbanow, Garýagdy Alyýew, Saparguly Işangulyýew kimin gyjakçylaryň döredijilik geriminiň giňemeginde Pürli Saryýewiň uly hyzmatynyň bolandygy barada häzir hem uly hormat bilen ýatlanýar.
Pürli Saryýewiň gyjakda çalan «Torgaýguşlar», «Bibi», «Ýaşylbaş», «Kepderi» ýaly halk sazlary bilen bilelikde kakasy Sary bagşa niýetläp gyjakda ýerine ýetirmek üçin döreden «Bagyşlanýar» atly sazlaryň mehaniki ýazgysy häzir türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanýar. Birnäçe aýdymdyr sazlaryň awtory, ussat sazanda, mukamçy kompozitor Pürli Saryýew türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent ada mynasyp bolýar. Ol 1971-nji ýylyň fewral aýynda uzaga çeken agyr keselden soňra aradan çykýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen pähim bar. P.Saryýewiň agtygy Näzik Saryýewa häzir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda esasy binýady gyjak ýaly saz guralyndan gaýdan skripka saz guralyndan sapak berýär.
Sary bagşynyň maşgalasyndan ýene-de biri – ortanjy ogly, manyly ömrüni gyjaga bagyşlan ussat gyjakçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Saryýew (1916-1988), Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolan ussat gyjakçylar Çary Gurbanow we Ata Ablyýew 1930-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okan ýyllary onuň şägirtleri bolupdyrlar.
Sary bagşynyň körpe ogly, sazanda Nury Saryýew agasy Pürlüden sapak alandan soňra Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýanyň türkmen bölüminde skripkadan okan ýyllary oňa professor I.Ý.Wolgin tälim beripdir. N.Saryýew bilen baglanyşykly berilýän maglumatlara görä, ol konserwatoriýada okaýan döwri Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Onuň okaýan wagtynyň dolup, Türkmenistana dolanmagyna mümkinçiligiň bolandygyna garamazdan, Beýik Watançylyk urşuna meýletinçi hökmünde gatnaşyp ýören wagtynda – 1941-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda 19 ýaşynda wepat bolýar. Geljegine uly umyt bildirilen Nury Saryýew 13-14 ýaşlaryndan kompozitorçylyk hünäri bilen meşgullanyp, gyjak üçin «Pioner» atly eseri döredýär.
Moskwadaky P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýada Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlara bagyşlanyp döredilen ýadygärligiň ýüzünde biziň ildeşimiz Nury Saryýewiň hem ady bar. Şeýle-de, Änew şäherindäki Çagalar sungat mekdebi Nury Saryýewiň adyny göterýär.
Ussat gyjakçy, birnäçe saz eserleriniň awtory, belli dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Annageldi Jülgäýew (1929-2018) hem meşhur Sary bagşynyň agtygydyr.
Türkmen saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan A.Jülgäýew türkmen halkynda giňden tanalýar. Ol Halk saz gurallary orkestrinde 60 töweregi saz sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, baş ýolbaşçysy – dirižýory hökmünde ululy-kiçili saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.
«Ýaşlara salam», «Türkmen ýaşlarynyň milli marşy», «Garaşýan», «Jan, Aşgabat!» ýaly eserler bilen bilelikde, halk saz gurallary üçin döredilen uly göwrümli eserleriň birnäçesi A.Jülgäýewiň döredijilik galamyna degişli. Ussat halypanyň ýerine ýetirmeginde türkmen gyjagy Hindistan, Fransiýa, Indoneziýa, Eýran, Wengriýa, Türkiýe, Mongoliýa, Owganystan, ABŞ, Şwesiýa ýaly döwletlerde ýaňlandy. Şeýle-de, türkmen sazlary bilen bilelikde P.Çaýkowskiý, Wiwaldi, Riding, Spendiarow, Haçaturýan ýaly belli awtorlaryň eserleri gyjakda we onuň ýolbaşçylyk eden Halk saz gurallary orkestrinde ýaňlananda hemişe tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy.
Meşhur Sary bagşynyň neberelerinden türkmen saz sungatynyň ýene-de bir görnükli wekili bar. Ol Ata mugallym ady bilen tanalan halypa mugallym, ussat sazanda we dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti Begmyrat Gutlymyradowdyr. Onuň hem gyjak saz sungatynyň ösmeginde uly hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsam, meniň özüm hem D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okan ýyllarym bu ussat halypadan dutar saz guralyndan tälim alypdym.
Ata mugallym Sary bagşynyň dogany Begmyradyň ady dakylan inilerinden biri. Ol 1947-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Bäherden etrabynyň Ymarat obasynda halk aýdym-saz sungatynyň janköýeri, halypa mugallym, uruş weterany Gutlymyrat Begmyradowyň maşgalasynda dünýä inýär.
B.Gutlymyradow 1961-1965-nji ýyllarda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň Halk saz gurallary bölüminde dutar saz guralyndan halypa mugallym A.Allaberdiýewden tälim alýar.
Ol 1965-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini tamamlanyndan soňra Türkmen döwlet filarmoniýasyndaky Pürli Saryýewiň adyny göterýän Türkmen döwlet halk saz gurallary orkestrine işe iberilýär.
Şol ýerde hem onuň döredijiligine gyjak saz guraly içgin ornaşyp başlaýar. Şol günleriň birinde orkestriň baş dirižýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Gurban Kulyýew oňa:
– Häzir orkestrde gyjakçy azlyk edýär. Siziň maşgalaňyza degişli adamlaryň hemmesi gyjaga ezber adamlar. Diýmek, senem gyjakdan habarly bolmaly. Şonuň üçin şu günden başlap senem hökman gyjak bilen meşgullanyp başla – diýipdir-de, ony gyjakçylaryň toparyna geçiripdir.
Şeýlelikde, B.Gutlymyradowyň durmuşyna gyjak saz guraly ornaşypdyr. Iki hünärden hem ezberlik bilen baş çykarýandygy üçin B.Gutlymyradowy 1968-nji ýylda D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine işe çagyrypdyrlar.
B.Gutlymyradow esasy işiniň daşyndan häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini hem-de Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň gaýybana bölümini hem tamamlapdyr. Onuň ýetişdiren gyjakçy şägirtlerinden türkmen saz sungatynda gyjak saz guraly babatynda kerweniň başyny çekip ýörenleriň biri, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetdurdy Muhammetnyýazow häzir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara gyjak saz guralyndan tälim berýär. Şeýle-de, ýene bir şägirdi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gurbandurdy Rahimow D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde indi birnäçe ýyllardan bäri çagalara gyjakdan tälim berýär.
Türkmenistanyň halk artisti B.Gutlymyradowyň uly ogly Baýmyrat hem (o-da Sary bagşynyň doganynyň ady) öz köklerini gyjaga meňzeş saz guralyndan alyp gaýdýan wiolençel saz guralynda saz çalmakda halypa mugallymlaryň biri. Ikinji ogly Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Toýmyrat Gutlymyradow bolsa, ussat skripkaçy we dirižýor.
Türkmen saz sungatynyň görnükli wekili Begmyrat Gutlymyradow 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 1999-njy ýylda «Gaýrat» medallary bilen sylaglandy, 2009-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent ada mynasyp boldy.
Görşümiz ýaly, haýsy döwürdedigine garamazdan gyjak saz guralynyň halkymyzyň arasynda watansöýüjiligi wagyz etmekde we onda ýerine ýetirilýän aýdym-sazlaryň halkymyzy beýik işlere ruhlandyrmakda belli bahasy ýokdur.
Çaryýar Jumaýew,
sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.