Iň datly bakja önümleriniň biri bolan garpyzyň dünýäde 300 töweregi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ata Watany Günorta Afrika hasaplanýan bu bakja ekini tomus paslynda jana şypa beriji önümleriň biridir. Her ýylyň 3-nji awgustynda birnäçe ýurtda Bütindünýä garpyz baýramçylygy bellenilýär. Amerikan medeniýetinden gözbaş alyp gaýdýan bu baýramçylykda dilimlenen garpyz bilen bir hatarda, garpyz şerbeti, mürepbesi, garpyzdan taýýarlanýan konditer önümleri, süýjülikler köpçülige hödürlenýär. Bakja önüminiň halkara baýramçylygynda garpyzdan dürli şekilleri, bezegleri ýasamak ýaryşlary, garpyz çigidini sanamak, iň köp garpyz iýmek bäsleşikleri geçirilýär. Bulardan başga-da, iň uly garpyz şüweleňi guralýar.
Gysgaça taryhy
Taryhy maglumatlara görä, garpyzyň ilkinji ösdürilip ýetişdirilen ýeri Günorta Afrika hasaplanýar. Soňra bu bakja önüminiň çigidi Müsüre ýaýrapdyr. X asyrda garpyz hytaýlylara mälim bolýar. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen bu bakja önümi tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Ýewropa ýurtlarynda garpyz XII-XIII asyrlarda peýda bolýar. XVI asyrda bu bakja önümi ilkinji gezek Amerika getirilýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde diýen ýaly garpyz ösdürilip ýetişdirilýär. Garpyzy iň esasy öndürijiler Hytaý, Türkiýe, Eýran, Müsür, Amerika ýurtlary we Hindistan hasaplanýar. Ýaponiýada garpyzyň iň täsin görnüşleri – dörtburç, piramida görnüşli, sary etli garpyzlar ösdürilip ýetişdirilýär. Ortaýer deňziniň kenarynda ýetişdirilýän garpyzlar dünýäniň iň süýji garpyzlary hasaplanýar. Dünýäde garpyzyň gündelik sarp edilişi boýunça Amerika yklymy birinji orunda durýar.
Saglyga peýdasy
Garpyz saglyk üçin peýdaly bakja önümleriniň biri bolup, esasy aýratynlygy bedeni arassalamakdyr. Garpyzyň düzüminiň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolup, agramy boýunça 6 göterim şeker saklanýar. Bu bakja önümi A, B, C witamininiň we foliý turşusynyň çeşmesini özünde jemleýär. Garpyz diňe bir immuniteti berkitmäge ýardam etmän, eýsem, nerw ulgamynyň kadaly işlemegini, täze gan öýjükleriniň döremegini üpjün edýär. Bulardan başga-da, garpyzdaky demir, kaliý, natriý, fosfor, magniý ýaly maddalar bedendäki artykmaç duzlary aýyrmakda, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirmekde, ýürek-damar ulgamyny işjeňleşdirmekde peýdalydyr. Garpyzyň bagry we peşew ýollaryny arassalaýandygy hemmämize mälimdir. Garpyz tomus paslynyň yssy günlerinde suwsuzlygy gandyrmakda hem ähmiýetlidir. Bu bakja önüminden süýjülik desertleri, dürli içimlikler, gaýnadylan şerbetler hem taýýarlanylýar. Käbir ýerde garpyzdan buglanan we duzlanan tagamlar hem bişirilýär.
Köpimiz garpyzy gyzyl etli, gabygy ýaşyl zolakly, togalak görnüşde göz öňüne getirýäris. Emma dünýäde bu bakja önüminiň gabygynyň we etiniň reňki bilen tapawutlanýan dürli görnüşi bar. Mysal üçin, garpyzyň gabygy ak, gara, açyk ýaşyl, goýy ýaşyl, ýaşyl zolakly, gara zolakly, eti bolsa gyzyl, gülgüne, ak ýa-da sary görnüşde bolup biler.