Kö­pi­mi­ziň iň ýa­kyn dos­tu­myz, kö­pi­mi­ziň iň eý gör­ýän jan­da­ry­myz bo­lan pi­şik­le­riň dün­ýä­de 40 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň te­bi­gat­da­ky hä­si­ýe­ti­ni göz öňün­de tu­ta­ny­myz­da, ola­ryň kö­pü­si ýüz­me­gi ýa-da ýu­wun­ma­gy go­wy gör­ýär. Em­ma pi­şik­ler­de bu hä­si­ýet seý­rek ýag­daý­da duş gel­ýär. Eý­sem, eý­je­jik jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan pi­şik­ler nä­me üçin ýu­wun­ma­gy ha­la­ma­ýar? Bu jan­dar­lar nä­me üçin suw­dan gork­ýar­lar? Ola­r en­da­my­ny nä­dip aras­sa­la­ýar­lar?
Bil­şi­miz ýa­ly, pi­şik­le­riň dy­kyz sü­tü­gi bar. Ha­çan­da pi­şik­le­riň en­da­my öl bo­lan­da sü­tü­gi agyr­la­şyp, he­re­ket et­mek­de kyn­çy­lyk çek­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, bu jan­dar­lar he­re­ke­ti pe­se­len­soň, öz­le­ri­ni ejiz duý­ýar­lar. Ýag­ny pi­şik­ler en­da­my çyg­la­nan­soň, daş-tö­we­re­gi duý­mak uky­by­ny ýi­tir­ýär­ler. Şol se­bäp­li «ki­çi­jik gap­laň­lar» ýu­wun­ma­gy ha­la­ma­ýar. Bu jan­dar­lar, esa­san, gu­rak ho­wa­ny go­wy gör­ýär­ler.
Pi­şik­ler gü­nüň bel­li bir wag­tyn­da di­li bi­len be­de­ni­ni aras­sa­la­ýar. Ola­ryň di­lin­dä­ki pa­pil­la at­ly an­ti­bak­te­ri­al sü­tü­gin­dä­ki ha­pa­la­ry aý­ryp, be­de­ni­ne tä­miz­lik ysy­ny ber­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da pi­şik­le­riň saç ýu­wu­jy se­riş­de­le­ri ha­la­ma­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, bu jan­dar­lar şam­pun­la­nyp ýu­wun­dy­ry­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, öz ysy­ny al­mak üçin be­de­ni­ni gaý­ta­dan di­li bi­len öl­läp çyk­ýar­lar.

Pi­şik­ler ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Öý pi­şi­gi­niň hä­si­ýe­ti­niň 95 gö­te­ri­mi gap­laň­la­ryň hä­si­ýe­ti­ne ga­bat gel­ýär.
Pi­şik­ler süý­ji iý­mi­tiň par­hy­ny bil­me­ýän ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­ler ha­sap­lan­ýar.
Pi­şik­ler bo­ýu­nyň al­ty es­se­si­ne çen­li bö­küp bil­ýär­ler.
Pi­şik­le­riň öň­ki aýak­la­ryn­da 5, yz­ky aýak­la­ryn­da 4, je­mi 18 sa­ny bar­ma­gy bar.
Pi­şik­le­riň dyr­nak­la­ry aşak­ly­gy­na eg­rel­ýär, bu bol­sa ola­ryň agaç­la­ra ýe­ňil­lik bi­len dyr­maş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Pi­şik­ler ho­wa­da­ky ys­la­ry «da­dyp» bil­ýär­ler. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar wag­tal-wag­tal ag­zy­ny açyp daş-tö­we­re­gi­ne se­red­ýär­ler.
Pi­şik­le­riň uzyn guý­ru­gy in­siz ýer­den ýö­rän­le­rin­de de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny saz­la­ýar.
Pi­şik­ler adat­ça her gün 12-16 sa­gat uk­la­ýar­lar.
Pi­şik­ler 100-e çen­li dür­li se­si gaý­ta­lap bil­ýär­ler.
Eger pi­şik guý­ru­gy­ny eý­läk-beý­läk gy­myl­dat­ýan bol­sa, bu si­zi gö­rüp be­ge­nen­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Pi­şik­ler adat­ça eýe­si­niň ysy bar ýer­de uk­la­ma­gy ha­la­ýar­lar.
Pi­şik­le­riň il­kin­ji wi­deo­şe­ki­li 1894-nji ýyl­da ýaz­ga alyn­ýar.
Öý pi­şi­gi­niň iň uly gör­nü­şi «mai­ne kun» ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 120 san­ti­met­re çen­li ýet­ýär.
Iň ki­çi öý pi­şik­le­ri Sin­ga­pur­da duş gel­ýär. Ola­ryň göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 20-30 san­ti­metr­den geç­me­ýär.

Tapmaça

Iki pişik aga­jyň de­pe­sin­den aşak düş­di we soň­ra ýe­ne-de onuň de­pe­si­ne çyk­dy­. Pişikleriň bi­rin­ji­si şol bir tiz­lik­de he­re­ket et­di. Ikin­ji pişik bol­sa, sü­tün­den dü­şen­de bi­rin­ji pişikden iki es­se çalt, sü­tü­ne çy­kan­da bol­sa, iki es­se ha­ýal tiz­lik bi­len he­re­ket et­di. Pişikleriň haý­sy­sy yzy­na – agajyň de­pe­si­ne çalt çy­kar?