Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon “Türkmenistan-Täjigistan-Özbegistan” görnüşindäki ilkinji üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen döwrüň dowamynda ýurtlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidip gelýär. Türkmenistan bilen Täjigistan halkara gün-tertibiniň meselelerinde hem birek-birege goldaw berýär.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Saparyň çäklerinde, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn dürli ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň 24-sine gol çekildi.
Şu günki geçiriljek Aşgabat sammiti üç ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyga hil taýdan täze iterer.