3-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky tä­ze bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si A.Goç­my­ra­dow Tä­ji­gis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Si­ro­jid­din Muh­rid­di­ne ynanç hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny gow­şur­dy.
Tä­ji­gis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri il­çi­ni we­zi­pä bel­len­me­gi my­na­sy­bet­li gut­la­mak bi­len, oňa iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­jak işin­de tä­jik ta­ra­py­nyň gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ugur­la­ryň äh­li­si bo­ýun­ça has hem iş­jeň­le­şen­di­gi bel­le­nil­di.
Ta­rap­la­ryň nyg­ta­ma­gy­na gö­rä, iki döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan oňyn dia­log türk­men-tä­jik gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar.
Il­çi, öz ge­ze­gin­de, Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ta­gal­la et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.