BRIKS dünýä meselelerinde aýratyn ähmiýete eýe bolup biler, sebäbi ol ösýän ýurtlara agyr şertleri goýmazdan maliýeleşdirmegi teklip edip, deňsizligi azaltmaga kömek edip biler. Bu barada Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa aýtdy.
Daşary ýurt habarçylary bilen ertirlik naharynda Braziliýanyň lideri awgust aýynyň ahyrynda Günorta Afrikada geçiriljek 15-nji BRIKS sammitine uly umyt baglaýandygyny aýtdy. Saud Arabystany, Argentina we beýleki iri ösýän döwletleriň BRIKS-e goşulmagynyň örän möhümdigini belledi.
Günorta Afrika hökümetiniň maglumatlaryna görä, 40-dan gowrak ýurt BRIKS-e goşulmak isleýär.
-Bu maslahatda haýsy täze ýurtlaryň BRIKS-e goşulyp biljekdigi barada ylalaşyk esasynda belli bir karara gelip bileris. BRIKS-iň talaplaryna laýyk gelýän beýleki ýurtlara bileleşige goşulmagyna rugsat bermek gaty möhüm diýip hasaplaýaryn – diýip, Luis Inasiu Lula da Silwa aýtdy.
-Global nukdaýnazardan seredeniňde, BRIKS aýratyn ähmiýete eýe bolup biler diýip pikir edýärin – diýip, ol belledi. Braziliýanyň lideriniň pikiriçe, BRIKS-iň Täze ösüş banky Halkara pul gaznasyna garanyňda, “has täsirli we jomart” bolmaly.
Prezident BRIKS-iň ykdysady we syýasy taýdan güýçlendirilmegini goldaýar, bileleşigiň maksadynyň Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasyndaky iň mätäç ýurtlaryň ösüşine kömek etmekden ybaratdyr.
BRIKS-iň döwlet Baştutanlarynyň sammiti 22-24-nji awgustda Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçiriler. Forumyň gün tertibi arkalaşygy has-da giňeltmege gönükdirilendir. Iýun aýynyň başynda Keýptaun şäherinde BRIKS-iň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar köp taraplylyk, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň reformasy we BRIKS ýurtlary üçin ýeke-täk puluň döredilmegi ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Häzirki wagtda BRIKS Russiýany, Hytaýy, Braziliýany, Hindistany we Günorta Afrika Respublikasyny birleşdirýär. Şeýle-de, Indoneziýa, Türkiýe, Saud Arabystany, Müsür we Argentina ýaly ýurtlar bileleşige goşulmagy maksat edinýärler. Bilermenleriň çaklamagyna görä, 2023-nji ýyla çenli BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň dünýä ykdysadyýetindäki umumy paýy G7 ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň paýyndan ýokary bolar. Bu ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.