10-njy iýulda Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 316-sy ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäher ýaşaýjylary gatnaşdy. Paýtagtymyzyň demirgazyk çäginde emele gelen täze ýaşaýyş toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan gurluşyk kompaniýalary tarapyndan iki gatly kottejler toplumy bina edildi. Olaryň 16-sy 2 maşgala niýetlenendir. Bu iri maýa goýum taslamasyna 2014-nji ýylda badalga berildi. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin 70 gektar ýer bölünip berildi. Gurlup, ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda meýdany 315 inedördül metrden geçýän öýler hem-de meýdany 305,83 we 298,09 inedördül metre deň bolan 5 otagly kottejler hem bar.
Ähli binalar özboluşly binagärlik görnüşine eýedir, olarda özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamlary döredilendir: ýyladyş we sowadyjy ulgamlary, zerur gaz, elektrik enjamlary bilen üpjün edilendir, telewideniýe, internet hem-de telefon aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilendir. Öýler göwnejaý derejede meýilnamalaşdyrylypdyr. Täze jaýlarda göz öňünde tutulan giň otaglar, myhman otagy, eýwan, ýatylýan otaglaryň birnäçesi hem-de beýleki jaýlar amatlylyk babatda ýokary talaplara laýyk gelýär. Kottej jaýlarynyň her biriniň ýanynda mellek ýeri we şahsy awtoduralga bar.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze öýleriň bagtyýar eýelerine ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy.