Ýakynda Beýik Britaniýada neşir edilýän ýöriteleşdirilen iri “Bütindünýä arheologiýasy” atly ylmy-köpçülikleýin žurnal öz sahabynda orta asyr binagärliginiň ýadygärligi, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşen hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Uly Gyzgalanyň şekilini ýerleşdirdi. Bir müň ýyla golaý mundan ozal çig kerpiçden gurlan hem-de biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu täsin binada soňky bäş ýylyň dowamynda arheologik we dikeldiş işleri geçirilýär. Bir müň ýyla golaý mundan ozal, çig kerpiçden gurlan hem-de biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu täsin binada soňky bäş ýylyň dowamynda arheologik we dikeldiş işleri geçirilýär. Olary Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri britan, fransuz we polýak kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýarlar. Bu ABŞ-nyň döwlet departamentiniň “Medeni mirasy goramak” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähmiýetli taslama bolup durýar.
Ozal bu maksatnama boýunça Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Ahal welaýatyndaky Mäne baba, Änew, Köne Nusaý, Balkan welaýatyndaky Maşat ata, Daşoguz welaýatyndaky Aksaraý diň, Ysmamyt ata, Nejmeddin Kubranyň we Tekeşiň Köneürgenç kümmetleri, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýy we beýleki ýadygärlikleri dikeltmek işleri üstünlikli amala aşyryldy.
Emma Uly Gyzgalany dikeltmekde ýerine ýetirilýän işleriň möçberi boýunça hem, olaryň ylmy-barlag netijeleri boýunça hem biziň mirasymyzyň beýleki desgalaryndan üstün çykýar. Britan žurnalynyň sahypalarynda bu ýadygärligiň taryhy we hut şu ýadygärligiň giň gerimli taslama üçin saýlanyp alnandygy barada Londonyň arheologiýa institutyndan dünýäniň belli arheologlarynyň biri Tim Uilýams giňişleýin gürrüň berýär. “Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň sahypalarynda Merwiň şähergurluşyk özgertmeleri, şeýle hem soňky açyşlar we tapyndylar barada gürrüň berilýär.