"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kärhanasy ähli bölüminde “Älem TV” hemra teleýaýlymynyň kartlaryny satyp
başlady. “Älem TV” operatory Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 125-
den gowrak teleýaýlymyny hemra aragatnaşygy arkaly görkezýär. Hemra aragatnaşygy arkaly teleýaýlymy
bökdençsiz we ýokary hilli görmek isleýänler operatoryň degişli kartlaryny satyn alyp bilerler we “Älem TV” kartlary
bolanlar bolsa “Türkmenpoçtanyň” bölüminden özleriniň hasaplaryny dolduryp bilerler. Şeýle hem "Çapar"
köpugurly mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşde tölegi edip bolýar.