Deri örtüginiň tebigy nury we çeýeligi siziň ýaşyňyza bagly bolman biler. 45 ýaşly 30 ýaşly ýaly ýa-da tersine hem bolup biler. Hakykatdan hem, garramak prosesini yzyna dolap bolmaýar, ýöne ony düýpli haýalladyp bolýar. Şoňa görä, deriniň juwanlygyny saklamak üçin oňa dogry ideg edilmelidir. Ýüzüňize näçe gowy gözegçilik etseňiz, şonça hem, onuň netijesi täsirli bolar. Idegiň maksady deri örtüginiň tebigy süllermesini haýallatmak we çeýeligini hem-de nurlulygyny uzak wagtlyk saklamakdan ybaratdyr. Muny 20-25 ýaşda başlasaňyz gowy bolar, ýöne siz bu ýaş çägini geçiren bolsaňyz alada etmäň. Hiçden giç ýagşy. Bu ýazgyda garrylygyň täsirini azaltmaga ýardam berjek we deriniň juwanlygyny uzak wagtlap gorajak käbir düzgünler hödürlenýär.
Gowy uky
Uky – biziň saglygymyzyň fiziki we psihiki taraplaryna oňat ýardam berýär. Çünki ukuda wagtymyz öýjükleriň we dokumalaryň täzelenişi hem-de sagdyn ösüşi bolup geçýär. Adatça, azyndan sekiz sagat uky zerurdyr.
Retinolly kremleri saýlamaly
35 ýaşdan soň, düzüminde retinoidleri (A witamini) saklaýan kosmetik önümleri ulanmak öýjükleriň täzelenişiniň tizliginiň artmagyna ýardam berýär. Netijede, ýygyrtlaryň döremegi aradan aýrylyp, ýüzüň reňki has-da gowulaşýar. Şeýle kremleriň düzümi retinolyň 1 göterimini saklamalydyr, ýöne bu serişde agşamlaryna ulanylsa göwnejaý bolardy, çünki retinoidler gün şöhlelerini kabul etmeýär. Eger-de sizde A witaminine allergiýaňyz bar bolsa, onda siziň üçin düzüminde peptitleri saklaýan kremleriň täsiri az bolmasa gerek.
Günden goramak
Deriniň görküniň gaçmagynyň we ýygyrdyň 90 göterim emele gelmeginiň sebäbi berbat ediji zyýanly ultrafioletlerdir. Gün şöhleleri epidermal gatlagyň çuňluklaryna aralaşyp, kollageni we elastini sintezleýän fibroplastlary – deriniň esasy öýjüklerini ýok edip, düzedip bolmaýan zyýan ýetirýär. Derini goramagyň iň gowy usuly – eger-de gün şöhleleriniň astynda uzak wagtlap galmaly bolan halatynda, günden goraýan kremleri yzygiderli ulanmalydyr.
Çyglandyrma
Ýüzüňi suw bilen doly çyglandyrmak hem ýüzüň derisiniň juwanlygyny we tebigy görküni saklamaga mümkinçilik berýän esasy sebäpleriň biridir. Mundan başga-da, ýüzi nemlendirýän kremler bar.
Sagdyn iýmitlenmek
Oňat iýmit kämil derä eýe bolmagyň esasy açarydyr. Munuň üçin ýokumly maddalary öz düzüminde saklaýan miwe we bakja önümlerini, şeýle hem düzüminde omega kislotasyny saklaýan balygyň ýagly görnüşlerini, hoz, zygyr we zeýtun ýaglaryndan peýdalanmalydyr. Iýmit sanawyňyza güýçli antioksidantlar hasaplanýan, düzüminde E we С witaminleri bolan iýmitleri goşuň. Ýagly, gowrulan iýmitlerden gaça duruň, çünki olar artykmaç agram, ýag ýygnamaga we garrylyk prosesini çaltlandyrmaga sebäp bolýar.
Stresden gaça duruň!
Stres saglyga we deri örtügine ters täsir edýär. Yzygiderli maşklar ýa-da islendik fiziki işjeňlik bu meseläni ýeňip geçmäge ýardam berýär. Täsirli usullaryň ýene-de biri bolsa, ýoga maşky bolup, stres bilen göreşmekde iň oňat tärleriň biridir.
Görşümiz ýaly, ýüzüň derisini gorap saklamak üçin gymmatly serişdeleriň zerurlygy ýok. Ähli zatlar özüňize bagly bolup, ýönekeý düzgünler we dogry ideg etmek, tebigy görküňi saklamaga ýardam berýär.