Belgiýanyň “Challenge Airlines” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada özüniň ilkinji ýük gatnawyny ýerine ýetirdi. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý)-Aşgabat we Aşgabat-Lež (Belgiýa) ugry boýunça ýük gatnawyny ýola goýdy. Bu gatnaw Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge şert döreder. Bu barada Belgiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Golaýda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň, Belgiýanyň awiakompaniýasynyň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň hem-de Aşgabadyň halkara howa menziliniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Onda howa ýük gatnawlarynyň yzygiderli üpjün edilmegi babatda pikir alşyldy.
Bu gepleşiklerde Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda raýat awiasiýasy ulgamynda degişli ylalaşyga gol çekmegiň möhümdigi bellenilip, resminamanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň ýörelgesini düzgünleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.