8-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşdäki we halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.
Taraplar söwda, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa, oba hojalygy pudaklarynda, şeýle-de medeni-ynsanperwer hem bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini nygtadylar.
Niderlandlaryň ilçisi, öz gezeginde, Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.