Hin­dis­ta­nyň Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­läp taý­ýar­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos gä­mi­si­niň Ýe­riň hem­ra­sy­nyň or­bi­ta­sy­na sag-aman ýer­le­şen­di­gi mä­lim edil­di. Hin­dis­ta­nyň “ANI News” agent­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Hin­dis­ta­nyň Kos­mos Bar­lag­la­ry Mer­ke­zi ozal­ky ady “Twit­ter” bo­lan X jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky me­di­ýa plat­for­ma­syn­da kos­mos gä­mi­si­niň haý­sy­dyr bir bök­denç­lik bi­len ýüz­be-ýüz bol­maz­dan, Aýyň or­bi­ta­sy­na ýer­le­şen­di­gi­ni mä­lim et­di. 14-nji iýul­da uçu­ry­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos en­ja­my Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na gon­du­ry­lan­dan soň­ra 14 gün (bir Aý gü­ni) iş­le­di­ler.
Eme­li hem­ra­dan, go­nuş plat­for­ma­syn­dan we ýö­re­ýän mo­dul­dan yba­rat bo­lan “Chand­rayaan-3”-iň ag­ra­my 3,9 ton­na ba­ra­bar. Mun­dan ozal Hin­dis­tan 2008-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da hem Aýa bu kos­mos en­ja­my­nyň bi­rin­ji we ikin­ji nus­ga­la­ry­ny uçu­ryp­dy. Em­ma bu mis­si­ýa­lar şow­suz­lyk bi­len ta­mam­la­nyp­dy.
Ýur­duň üçün­ji Aý mis­si­ýa­sy­nyň şow­ly ta­mam­la­nan ýag­da­ýyn­da ABŞ, ozal­ky So­wet So­ýu­zy we Hy­taý döw­let­le­rin­den soň­ra Aýa en­jam gon­du­ryp bi­len dör­dün­ji ýurt bo­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu gün Rus­si­ýa­nyň “Lu­na 25” kos­mos en­ja­my­nyň hem üs­tün­lik­li ýag­daý­da uçu­ry­lan­dy­gy mä­lim edil­di.