Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysady ösüşini ylymsyz, bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Öz ykdysady kuwwatyny yzygiderli ösdürmek isleýän döwletler, ilkinji nobatda, esasy ünsi ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirýärler. Hormatly Prezidentimiz “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabynda: “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr” – diýip, bellemek bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynda ylym-bilimiň ähmiýetiniň ýokarydygyna ünsi çekýär.
Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Dünýä tejribesi dünýä hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemegiň diňe ykdysadyýeti innowasiýalara esaslanýan ýurtlara başardýandygyna şaýatlyk edýär. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşiniň 80-95 göterimi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa, şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm ähmiýetli wezipesidir. Biziň ýurdumyzda täze ýokary we orta okuw mekdepleriniň yzygiderli döredilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi ösen döwür bilen aýakdaş gitmegi, ösen senagatymyzy, halk hojalygy we ynsanperwer ugurly ulgamlary döwrebap bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek wezipelerinden ugur alýar. Bu ugurda geçen ýyl açylan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti möhüm ähmiýete eýedir. Täze çap edilen “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitapda ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň 2007-nji ýylda 17 sany bolan bolsa, 2016-njy ýylda 24-e ýetendigi, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, täze Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylandygy bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň meýilnamalaryny, şeýle hem 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak baradaky resminamalara gol çekdi. 2017 – 2018-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesini açmagyň meýilleşdirilýändigi aýratyn bellenilmelidir. Şu okuw ýylynda täze ýokary okuw mekdebinde – Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynda degişli ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylar. Institutyň düzüminde gurluşyk we binagärlik, tehnologik maşynlar we enjamlar, energetika, dizaýn, pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygy, tebigy abadanlaşdyrylyş we daşky gurşawy goramak, kompýuter tehnologiýasy ýaly hünärler hem-de 17 sany kafedra bolar. Öňümizdäki okuw ýyly üçin bu ýokary okuw mekdebine dört ýüz talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Täze okuw ýylynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda hem dört sany täze hünär: howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak, portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; infokommunikasiýa tehnologiýalary, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy ýaly hünärleri açmak meýilleşdirilýär.
Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan ýene-de bir täzelik – şu okuw ýylyndan başlap ýaşlary ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly goşmaça, tölegli esaslarda hem okuwa kabul etmek bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň barha artýandygyny, jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatynyň ösýändigini, döwletimiziň bilim almaga höwesli ýaşlaryň ählisi üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini görkezýär.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 8 müň 308 talyp kabul etmek meýilleşdirilip, bu görkeziji geçen ýyldakydan 1 müň 52 adam köpdür. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine hem-de başlangyç hünär okuw mekdeplerine degişlilikde 8 müň 317 we 25 müň talyp kabul etmek meýilleşdirilýär.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berýär we täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döredilýän kärhanalaryň sanynyň artmagy täze hünärmenleriň ýetişdirilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň has gowulanmagyna hem oňyn täsir edýär. Bilim, ylym we innowasion önümçilik çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bu ulgamdaky işleriň netijeliliginiň bitewüligi üpjün edilýär, häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler kämilleşdirilýär.
Häzirki döwründe adam faktoryna gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar. Bu, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny görkezýär, beýleki tarapdan, daşary ýurt tejribesinde öz oňyn netijelerini görkezen ozalky alnan bilimleriň esasynda täze bilimleri döretmäge ukyply bolan täze bilim ulgamynyň ýurdumyzda kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.
Zöhre Rejebowa,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.