Germaniýanyň Gamburg şäherinde “Uly-20”-ligiň (G20) döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Bu iri gurama 19 sany ýurt bilen Ýewropa Bileleşigi girýär. Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Günorta Afrika Respublikasy, Türkiýe, Beýik Britaniýa we ABŞ guramanyň düzümindäki ýurtlardyr. Sammitiň çäginde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi. Olaryň iň esasysyny Russiýa bilen ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasyndaky duşuşyk emele getirdi. Köpleriň garaşýan duşuşygy 2 sagatdan gowrak dowam etdi we Liderler özara gyzyklanma bildirilýän halkara we ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem tutuş dünýäde söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi, dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň berkidilmegi babatda özara pikir alyşdylar.
Sammitiň çäklerinde kabul edilen jemleýji beýanatda gurama agza ýurtlar Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwdany ýeňilleşdirmek babatdaky ylalaşygynyň güýje girizilmegine goldaw berýändiklerini mälim etdiler.
– Biz Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwda ulgamynyň işini ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygynyň güýje girizilmegini hem-de onuň gysga wagtda durmuşa geçirilip başlanmagyna uly goldaw bereris – diýlip, resminamada bellenip geçilýär.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwda ulgamynyň işini ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygy 2017-nji ýylyň 22-nji fewralynda güýje giripdi. Ol halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Sammitiň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlary tarapyndan edilen çykyşlaryň aglabasyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmäge degişli meseleler düzdi. Awstraliýanyň Premýer-ministri 2018-nji ýylda Argentinada geçiriljek “Uly-20”-ligiň sammitinde esasy mowzugyň sanlaýyn ykdysadyýet bolmagyny teklip etdi. Russiýanyň Prezidenti hem bu ugurda täze pikirleriň öňe sürülmegini teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berdi. Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bolsa, öz çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde özgerişlikleriň amala aşyrylyp başlanandygyny belläp geçdi. Ol käbir halkara guramalaryň maglumatyna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 3,5 göterime deň boljakdygyny nygtap, munuň soňky ýyllarda gazanylan oňat netijeleriň biridigini belledi.
Sammitiň çäklerinde dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy we geljegi, söwda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi, howanyň üýtgemegi we energetika, Afrika yklymynyň ösdürilmegi, migrasiýa we sanlaýyn ykdysadyýete degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
“Uly-20”-ligiň 12-nji mejlisiniň işine Germaniýanyň çagyrmagy boýunça Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Norwegiýanyň hem-de Singapuryň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Bulardan başga-da Birleşen Milletler Guramasynyň, Halkara Pul Gaznasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň hem-de Bütindünýä Bankynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetine we senagatyna eýe bolan döwletleri bir ýerde jemleýän “Uly-20”-lik dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimine, söwda ulgamynyň 79 göterimine eýedir. Bu ýurtlaryň ilatynyň sany dünýä ilatynyň üçden iki bölegine deňdir.