Maşk etmegiň akyl we beden saglygy üçin peýdalydygyny hemmämiz bilýäris. Açyk howada sport bilen meşgullanmak adamyň özüni fiziki we psihologik taýdan has oňat duýmagyna ýardam edýär. Bilermenler içerde däl-de, tebigatda (açyk meýdanda) maşk etmegiň has-da peýdalydygyny belleýärler. Açyk howada türgenleşmek adam bedenini kislorodyň ýeterlik derejesi bilen üpjün edýär, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar. Esasan hem, irden daşarda sport bilen meşgullanmak günüňizi gujurly we şadyýan geçirmegiňizde ähmiýetlidir. Agşamlaryna medeni seýilgählerde çalt ýöräp gezelenç etmek arkaly günüň dowamynda toplanan dartgynly ýagdaýlardan we ýadawlykdan saplanyp bilersiňiz.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, hepdede azyndan 150 minut ýöremek, akyl we beden saglygyny güýçlendirmek üçin hepdede azyndan iki gezek maşk etmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz bilen açyk howada halaýan sport görnüşiňiz bilen meşgullanyp bilersiňiz. Sport görnüşleriniň arasynda pyýada ýöremek, ylgamak we myşsalary güýçlendirýän maşklar öňdäki orny eýeleýär. Bu sport görnüşleri bilen islendik ugurda zähmet çekýän, islendik ýaşdaky adam meşgullanyp bilýär. Welosiped sürmek, ýüzmek, konkili typmak ýaly sport görnüşleri hem saglyk üçin peýdaly gyzykly güýmenjeler hasaplanýar. Köpçülikleýin ýerine ýetirilýän sport görnüşlerinden tennis, woleýbol, basketbol we futbol oýnap bilersiňiz. Umuman maşk etmek, sport bilen meşgullanmak fiziki işjeňligi güýçlendirmek bilen bir hatarda, ýatkeşligi ösdürýär, özüňi bagtly duýmaga ýardam edýär. Şeýle hem başarjaňlygy we özüňe bolan ynamy artdyrýar.
Göz öňünde tutmaly zatlar
Daşarda sport bilen meşgullanýarkaňyz şikes almazlyk üçin seresap bolmaly. Şeýle hem sport görnüşine laýyklykda gorag serişdelerini ulanmaly. Birden gaty ýadamazlyk üçin bedeniňiziň ýagdaýyna görä sport görnüşini saýlamaly. Maşk edilýän ýa-da türgenleşilýän wagty arakesme etmeli hem-de suw içmeli. Ýygy-ýygydan suw içmek arkaly bedenden bölünip çykan suwuklygyň öwezini doldurmaly. Sport bilen meşgullananyňyzda giň we ýeňil eşikleri geýmeli. Daşary çykmazdan öň howanyň gyzgynlygyny we çyglylygyny anyklamaly. Aşa ýylylyk we çyglylyk bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna (gipertermiýa) we suwsuzlyga sebäp bolup biler. Şonuň üçin açyk meýdanda sport bilen meşgullanýan wagtyňyz howa şertlerine üns bermek maslahat berilýär.