11-nji awgustda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň
degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň
ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.
Taraplar mundan beýläk hem möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini
bellediler.