Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji awgusta ir säher
bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe
maşklaryny ýerine ýetirdi.
Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga
bürenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag
nahallarynyň ekilmegi esasynda deňziň kenarynda tokaý zolaklarynyň çägi giňedi we seýilgähleriň sany
artdy. Adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç
alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.
Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin ýokary
derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin döredilen şertler
hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hazaryň kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, bejeriş-sagaldyş
bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, maşgala bolup
dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär.
Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap
tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki pikirden ugur
alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler eziz Diýarymyzy halkara
syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.
Ýöriteleşdirilen sport enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bedeniň ähli agzalarynyň
işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiň ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklaşmagyna
ýardam edýär. Sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň
döredilendigini bellemeli. Ol döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ornaşdyrylan
köpugurly trenažýorlar dürli ýaşdaky tejribeli türgenler, şeýle hem höwesjeňler üçin netijeli
türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda, adam
saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda ýerine ýetirilýän maşklaryň kada
boýunça dürs ýerine ýetirilmegi aýratyn wajypdyr. Munuň özi saglygyňy berkitmekde ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz “Awaza” sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.