31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda Bolgariýa döwletiniň Blagoýewrad şäherinde talyplaryň
arasynda 30-njy halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý,
Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Alžir, Braziliýa, Kanada, Eýran, Singapur ýaly ösen
ýurtlaryň 50-den hem köpüsiniň 100-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden jemi 400-e golaý
talyp gatnaşdy.
Halkara bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
talyplaryndan düzülen topar gatnaşyp, üstünlik gazanmagy başardy. Iki tapgyrda geçirilen bu halkara
bäsleşikde oňa gatnaşyjylara jemi 10 mesele hödürlendi. Olary çözmek üçin bolsa her tapgyrda jemi 4,5
sagat wagt berildi. Türkmen talyplary berlen ýumuşlary çözmegi başaryp, jemi 8, ýagny 4 kümüş we 4
bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-
nji ýyl talyby Resul Şamuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl
talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyplary
Gurt Döwletow hem-de Akmuhammet Gurbangeldiýew kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Akmuhammet Akmyradow, Hydyrberdi Rejepow, Röwşen
Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Muhammet Annaýew dagy
bürünç medala eýe boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.