PSŽ “Barselonanyň” ýyldyzyny transfer etdi

175

Fransiýanyň çempiony PSŽ Ispaniýanyň çempiony “Barselonanyň” wingeri Usman Dembeleni öz düzümine goşdy. Parižliler 26 ýaşyndaky oýunçynyň transfer tölegi hökmünde katalonlara 50,4 million ýewro berer. Dembele PSŽ bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol täze klubunda 23-nji belgili köýnekçäni geýer. Dembele özüniň PSŽ toparyna transfer bolmagy bilen baglanyşykly: PSŽ toparynyň oýunçysy bolanyma örän şat. Bu toparyň düzüminde meýdança çykmaga howlukýaryn. Bu ýerde ýeňişler gazanyp, janköýerlerimizi begendirmek isleýärin – diýip, beýanat berdi.

Fransiýaly oýunçy “Renn” toparynda futbola başlap, ol 2016-njy “Borussiýa Dortmunda” transfer bolupdy. Bu klubda 50 oýunda 10 gol geçiren Dembeleni “Barselona” kluby 2017-nji ýylyň tomsunda 105+40 million ýewro transfer edipdi. Dembele “Barselonada” 185 duşuşykda 40 gezek tapawutlandy.