Ululy-kiçili uçýan enjamlar soňky ýyllaryň iň täsirli tehnologik oýlap tapyşlarynyň biri bolsa gerek. Bu enjamlar dürli pudaklarda ulanylyp, adam zähmetini ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Angliýanyň Poçta gullugy Orkni adalarynda dronlardan peýdalanyp başlady. Gulluk ýurduň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, bu adalarda hem hepdäniň alty güni işleýär. Dronlar arkaly kiçi adalara hatlar we kiçi göwrümli poçtalar gämileriň ýerine dronlar arkaly iberilip başlandy. Täze usulda poçtalaryň salgysyna bir gün ir barjakdygy bellenilýär. Esasan hem, Graemseý we Hoý adalaryna poçtalar ýolagçy gämileri arkaly iberilýärdi. Indi bolsa, bu adalarda ýaşaýan 300 töweregi ilata alty kilograma çenli bolan ýükler dronlar arkaly iberiler. Synag maksady bilen ýola goýlan düzgün 3 aý dowam eder. Mälim bolşy ýaly, bu enjamlary dolandyrmak üçin ýörite hünärmen gerek. Poçta gullugynyň dron dolandyryjy işgärleri her anna güni adanyň ýaşaýjylaryna gowrulan balyk we kartoşka ugratmagy hem meýilleşdirýär. Şeýlelikde, dron hyzmatyna bolan islegiň ýokary bolmagyna garaşylýar.