Metroda
Sowuk ýanwar säheri Waşingtonyň metro beketleriniň birine bir adam gelip, skripka çalmaga başlapdyr. Ol 45 minutyň dowamynda 6 sany saz eserini ýerine ýetiripdir. Şol wagt gatnawyň has ýygjam wagty bolanlygy üçin onuň deňinden müňlerçe adam geçip, olaryň köpüsi hem işe barýan eken.
Üç minutdan soňra orta ýaşlaryndaky bir adam sazanda dykgatly seredip, ädimlerini haýalladyp, sähelçe salym aýak çekipdir we soňra öz işine howlugypdyr.
Ýene-de bir minutdan soň, skripkaçy özüniň ilkinji gazanjyny alypdyr: bir aýal guta pul taşlap, ýoluny dowam etdiripdir.
Soňra birnäçe minutdan bir erkek kişi diwara söýenip, diňlemäge başlapdyr, ýöne ol hem basym sagadyna seredip, öz ýoluny dowam etdiripdir.
Üç ýaşlyja oglanjyk sazanda aýratyn üns beripdir. Onuň ejesi howlukmaçlyk bilen çagany özüne çekipdir, ýöne oglanjyk skripkaça seretmek üçin saklanypdyr. Ejesi çagany has gaty çekipdir, ýöne oglanjyk dowamly yzyna gaňrylyp, ejesi bilen ýoluny dowam etdiripdir. Bu ýagdaý başga-da birnäçe çagada gaýtalanypdyr. Ene-atalaryň ählisi kadany bozman, çagalaryna bir minut hem durup seretmäge mümkinçilik bermändir.
45 minutyň içinde diňe 6 adam az wagtlyk aýak çekip, diňläpdir, ýene-de 20-si bolsa, saklanman diňe pul taşlap geçipdir. Sazandanyň gazanjy 32 dollar bolupdyr.
Geçip barýanlaryň hiç birisi hem skripkaçynyň dünýä belli sazanda Joşua Belldigini bilmändir. Ol haçan-da bolsa, bir mahal ýazylan iň kyn saz eserleriniň birini ýerine ýetiripdir, saz guraly hökmünde bolsa, bahasy 3,5 million dollara barabar bolan Stradiwariniň skripkasy hyzmat edipdir. Metroda çykyş etmezden iki gün ozal, onuň Bostonda eden çykyşynda anşlag yglan edilip, biletiň ortaça bahasy 100 dollara deň bolan eken.
Joşua Belliň metrodaky çykyşy “Washington Post” gazetiniň ötegçileriň duýgurlygy, höwesi we ünsi barada geçiren sosial barlaglarynyň bir bölegi bolup, onuň maksady iş günlerinde biziň oňaýsyz pursatda gözelligi duýup bilýänligimizi we garaşylmadyk ýagdaýda zehinleri tanap başarýanlygymyzy aýdyňlaşdyrmakdan ybarat bolupdyr.
Bir urgynyň bahasy
Bir fermeriň traktory döwlüpdir. Fermeriň we onuň goňşusynyň traktory bejerjek bolup eden tagallalarynyň bary biderek bolupdyr. Ahyrda ol ussa çagyrmaly bolupdyr.
Ol kapoty açyp, ähli ýerine dykgatly nazar aýlapdyr. Soňra eline çekijini alyp, motory bir gezek urupdyr welin, ol işläp başlapdyr. Motor, hamala diýersiň hiç näsazlyk tapmadyk ýaly herekete gelipdir.
Haçan-da, ussa nyrhyny aýdanda, fermer oňa alaryp şeýle diýipdir:
– Alaga-da bir gezek çekiçläp, nädip 100 dollar diýmäge ynsabyň çatýar?!
– Gardaş – diýip, ussa gürrüňe başlapdyr.
– Men bir gezek çekiçlänim üçin diňe bir dollar alýan, galan 99 dollary bolsa, gerekli ýerine urmagy başarýanlygym baradaky ylmym üçin alýan – diýip, kesgitli jogap beripdir.
Soňra hem biraz dymyp, sözüniň üstüni ýetiripdir:
– Galyberse-de, men seniň wagtyňy tygşytladym. Sen edil häziriň özünde traktoryňy arkaýyn ulanyp bilersiň.
Sowgat
Bennet Serf ABŞ-nyň günortasyndaky obalaryň arasyndaky gumak ýolda barýan awtobusda gabat gelen täsirli wakasy barada şeýle gürrüň beripdi.
Oturgyçlaryň birinde elinde ter gül dessesini saklap oturan çal saçly hortaň goja otyrdy. Geçelgäniň beýleki tarapynda bolsa, ýaş gyz oturyp, onuň gözleri dowamly gojanyň ellerindäki güllerde eglenýärdi. Goja düşmeli duralgasyna ýetipdi. Ol gülleri hyjuw bilen gyzyň eline tutduryp, “Siziň bu gülleri halandygyňyzy duýdum” diýip, gyza ýüzlenipdir. “Megerem, meniň aýalymam bularyň saňa gowuşmagyny islärdi, men hökman oňa gülleri saňa berendigimi aýdaryn”.
Gyz gülleri kabul edipdir. Soňra bolsa, gojanyň awtobusdan düşüp, golaýdaky uly bolmadyk gonamçylygyň derwezesine tarap ýönelendigini görüp galypdyr.
Rahatlyk zolagy
Guşjagaz hemişe çöl-beýewanyň orruk ortarasynda gurap galan agajyň şahalarynda penalaýardy. Günleriň bir güni tupan turup, agajy köki-söki bilen goparyp, honda taşlaýar. Betbagt guşjagaz penalamaga ýer gözläp, ýüzlerçe mil ýoly külterlemeli bolýar. Ol ahyrda buldurap duran çeşmeli, bahar ysy bark urýan salkyn saýaly miweli bagyň üstünden barýar.
Hawa, gury agaç abat galan bolsady, onda guşjagazy öz öwrenişen ýerini taşlap gaýtmaga hiç bir güýç mejbur etmezdi.
Gury agaç
Ýoluň ugrunda gurap galan geň-enaýy agaç töňňesi duran eken. Gijesine ol ýerden geçip barýan ogrynyň oňa gözi kaklyşyp, kimdir biri özüni tutmaga hyýallanýandyr öýdüp, tisginip gidipdir. Soň ol ýerden aşyk ýigit geçip barýan eken, ol agajy söýgülisidir öýdüp, ýüregi şatlykdan gürsüldäp urupdyr. Gorkuly ertekileri diňlän çaga bolsa, agajy arwahdyr öýdüp, aglamaga başlapdyr.
Ýöne agaç her hili ýagdaýlarda hem şol bir agaçlygyna galypdyr. Biziň özümiz nähili bolsak, dünýäni hem edil şonuň ýaly görýäris.
Oglanjyk we täsinlige ynam
Bir oglanjyk akyl-paýhasa ýugrulan ertekileri okamagy halapdyr we ol ýerde ýazylanlara doly ynanypdyr. Şonuň üçin ol durmuşda hem täsinligiň sergezdany bolupdyr, ýöne özüniň söýüp okaýan ertekilerindäki bolup geçýän zatlara gabat gelmändir.
Ol öz gözleglerinden göwni geçip, günleriň bir güni ejesinden:
– Eje, eýsem sen, täsinlige ynanýaňmy?! Ýa-da durmuşda täsinlik diýen zat bolmaýarmyka?!
– Eziz balam – diýip, ejesi söýgi bilen söze başlapdyr.
– Eger-de sen gowy ýigit bolup ýetişseň, durmuşyňdaky ähli ertekiler amala aşar. Täsinligiň gözlenmeýändigi, megerem, onuň gowy adamlary özüniň tapýandygyny unutma!
Hatlar
Ýaş oglan bir gyzy söýüpdir. Ol uzak wagtlap öz duýgulary hakda oňa aýdyp bilmändir, çünki, gyzyň özünden boýun gaçyraryndan çekinipdir. Soňlugy bilen gyz oňa düşünip, ony özi görüşmäge çagyrypdyr.
Ahyrsoňy ýaş ýigit öz söýgüsine gowşupdyr. Ol näme diýjegini bilmän, oňa uzak wagtlap ýazan, ýöne ugratmadyk bir petde söýgi hatlaryny çykaryp, okamaga başlapdyr. Bu hatlarda öz söýgüsi hakda we ony göresi gelip nähili ejir çekýänligi hem-de onuň boýun gaçyrmagyndan hem ätiýaç edýänligi barada ýazylan eken. Ahyry gyz saklanyp bilmändir we onuň sözüni bölüpdir:
– Diňlesene, men eýýäm, seniň ýanyňda ahyryn, sen bolsaň heniz hem öz ejir çekýän endigiňden saplanyp bilmän otyrsyň!
Tur!
Şägirt halypasyna ýüzlenip:
– Halypam, meniň ýykylanlygym barada eşitseňiz näme diýerdiňiz?!
– Tur!
Bu ýagdaý ýene-de gaýtalansa näme diýerdiňiz?
– Ýene-de tur diýerdim.
– Eýsem, bu ýykylyp-galyp durmagym näçe wagt dowam ederkä?!
– Entek dirikäň ýykylsaň, galmaga dyrjaş, çünki ýykylyp galmaýanlar ölüdirler.
Fermer we mekgejöwen
Bir ýola metbugat işgäri hil boýunça geçirilýän bäsleşikde ýylyň-ýylyna ýeňiş gazanýan fermerden özüniň ösdürip ýetişdirýän mekgejöweniniň syryny paýlaşmagyny sorap ýüz tutupdyr. Fermer munuň syrynyň ekiş üçin iň gowy tohumlaryny ähli goňşularyna paýlaýanlygyndan bolup biljekdigini aýdypdyr.
– Eger-de olar hemişe seniň bilen bilelikde, ähli bäsleşiklere gatnaşyp, bäsdeşleriň boljak bolsalar, näme üçin olara iň gowy tohumlary paýlaýanlygyňa welin, hiç düşünmeýärin?
– Nähili düşündirsemkäm – diýip, fermer ýylgyrypdyr. – Ýeller meniň ekin meýdanymdan goňşularymyň ekin meýdanlaryna tozgalary sürüp äkidýärler ýa-da tersine getirýärler. Eger-de goňşularymyň eken tohumlarynyň hili pes bolsa, onda basym meniňki hem erbetleşip başlar. Biziň ekin meýdanlaryna nähili ideg edişimiz, eýýäm başga mesele.
Şunuň ýaly ýagdaý adamlaryň durmuşynda hem bolup geçýär. Kimde-kim işiniň şowly bolmagyny isleýän bolsa, onda ýakynlaryny alada bilen gurşap, üstünlik gazanmaga kömek etmeli. Sebäbi töweregiňdäkileň işleri näçe rowaç bolsa, seniňki hem şeýle bolýar. Çünki biziň ählimiz bu dünýäde bir-birimize bagly ýaşaýarys.
Uçutdaky agaç sütüni
Bir adam dagda ýaşaýana ýüzlenip:
– Diňlesene, gardaş, sen nädip uçut gaýanyň üstündäki pürsden beýle aňsatlyk bilen geçmegi başarýaň?! Men bolsam, tutuş durkum bilen sandyrap zordan…
– Men bu agajyň üstünden o tarapyna maşgalama suw almak üçin geçýän, çünki çagalam suwsuz heläk bolýar, yzyma dönemde bolsa, çagalaryma howlugyp, aşakda uçut bardygynam unudýan. Şonuň üçin mende gorka ýer galmaýar.
Diňe güýçli isleg ýa-da ahyrky zerurlyk uçudyň üstünden barýandygyňy ýatdan çykarmaga mejbur edýär.
Toplan we terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.