Saud Arabystanynyň klublary ýyldyz transferinden doýanok. Ýewropanyň esasy ýyldyzlarynyň biri, PSŽ toparynyň braziliýaly super ýyldyzy Neýmar hem täze moda eýerip, ugruny Aziýa yklymyna tarap gönükdirdi. “Al Hilal” topary PSŽ-niň ýyldyzy Neýmar Juniory goşmaçalar bilen 120 million ýewro transfer etdi. 31 ýaşyndaky hüjümçi “Al Hilal” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Arap klubt täze 10-njy belgili oýunçysyna şol 2 ýyl üçin 160 million ýewro hak tölär. Neýmar PSŽ-de 6 möwsüm çykyş etdi. Ol Parižlileriň düzüminde 173 oýunda 118 gol geçirdi. 4 möwsüm “Barselonada” oýnan Neýmar 2017-nji ýylda PSŽ toparyna 222 million ýewro (ähli döwürleriň iň gymmat transferi) geçipdi. Neýmar futbola 2009-njy ýylda öz ýurdunyň “Santos” toparynda başlapdy.

“Al Hilal” toparynda Sergeý Milinkowiç-Sawiç, Malkom, Kalidu Kulibali, Ruben Neweş ýaly ýyldyzlar çykyş edýär.