Şu gün – 16-njy aw­gust­da Aş­ga­bat­da Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma gol çek­mek we Hal­ka­ra Ku­raş As­so­sia­si­ýa­sy­nyň baý­da­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­ne gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň Ku­raş gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri hem-de Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Haý­der Far­ma­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet, tür­gen­ler, ta­lyp­lar we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Hal­ka­ra ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Haý­der Far­man öz çy­ky­şyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň taý­ýar­ly­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di we Türk­me­nis­tan­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, sport­da ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak we olar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da top­lum­la­ýyn iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de tej­ri­be­si­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy we bu iri ýa­ry­şy Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň aja­ýyp sport des­ga­la­ry­nyň bi­rin­de ge­çir­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Çy­kyş­lar­dan soň Hal­ka­ra ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Ku­raş gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, şeý­le hem Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry 2023-nji ýyl­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­ny Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­ra­da Yla­la­şy­ga gol çek­di­ler. Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­riň äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Yla­la­şyk ýa­ry­şyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bi­len bir­lik­de, bu ugur­da­ky iş­le­riň äh­li gör­nü­şi­ni düz­gün­leş­dir­ýär.
Res­mi­na­ma gö­rä, 2023-nji ýy­lyň 23-28-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça 14-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ri­ler. Spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň bi­ziň ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.
Gol çe­kiş­lik da­ba­ra­syn­dan soň Aş­ga­ba­dyň no­bat­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­ýän şä­he­ri hök­mün­de türk­men ta­ra­py­na da­ba­ra­ly ýag­daý­da Hal­ka­ra ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baý­da­gy gow­şu­ryl­dy.
Ge­çen ýyl Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty Hin­dis­ta­nyň Pu­ne şä­he­rin­de ge­çi­ril­di, on­da 60 ýur­duň we­kil­le­ri bäs­leş­di­ler. Türk­me­nis­tan­dan 13 päl­wan (7 er­kek we 6 ze­nan) gat­naş­dy, ola­ryň üçü­si me­dal­lar bi­len do­lan­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ryn­dan 48 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de kü­müş me­da­ly Le­bap we­la­ýa­ty­nyň esa­sy be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň 2-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa ga­zan­dy, bü­rünç me­dal­la­ra bol­sa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň 7-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Aý­nur Ama­no­wa (52 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da) we Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Aziz Kur­ba­no­wa (78 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da) da­gy­lar eýe bol­du­lar.