Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Hal­ka­ra ösüş agent­li­gi­niň (USAID) Mer­ke­zi Azi­ýa­da Söw­da Mak­sat­na­ma­sy aw­gust aýyn­dan baş­lap ýur­du­myz­da türk­men eks­por­ty ös­dür­mek üçin ýö­ri­te me­dia plat­for­ma­sy­ny işe gi­riz­ýär.
Bu tas­la­ma önü­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­mek, mar­ke­ting, dün­ýä ba­zar­la­ry­na gir­mek üçin bäs­deş­lik ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny ga­zan­mak, şeý­le hem bu pro­ses­le­riň mag­lu­mat we met­bu­gat gol­da­wy ýa­ly me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýan eks­port ekoul­ga­my­nyň ösü­şi ba­ra­da mag­lu­mat ber­mek ar­ka­ly türk­men hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re gol­daw ber­me­gi mak­sat edin­ýär.
Tas­la­ma ki­çi we or­ta kär­ha­na­lar üçin iş gu­ra­ly­na öw­rül­jek elekt­ron söw­da, tor­la­ýyn işe­wür­lik prog­ram­ma­la­ry, mul­ti­me­di­ýa we ş.m. ýa­ly san­ly ul­gam­da türk­men kär­ha­na­la­ry­nyň or­naş­ma­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Tas­la­ma gat­naş­mak üçin şu düw­mä ba­syp, on­laýn ýüz­len­mä­ni dol­du­ryp bi­ler­si­ňiz. Ýüz­len­mä­ni tab­şyr­ma­gyň iň soň­ky gü­ni – 2023-nji ýy­lyň 31-nji aw­gus­ty.