12-13-nji sent­ýabr­da Biş­kek­de GDA ýurt­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­te­lli­gen­si­ýa bo­ýun­ça XVI fo­ru­my ge­çi­ri­ler. On­da çy­kyş et­mek üçin ag­za ýurt­la­ryň 200-den gow­rak we­kili Gyr­gy­zys­ta­nyň paý­tag­ty­na ge­ler­. Bu ba­ra­da GDA ag­za ýurt­la­ryň yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň web sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­di.
Fo­ru­myň te­ma­sy – «Me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra tä­ri­niň ar­ka­sy bi­len – ar­ka­la­şy­ga we pa­ra­hat­çy­ly­ga ta­rap». Umu­my mej­lis­ler­de we ýö­ri­te­leş­di­ri­len bö­lüm­ler­de yl­ym-bilim we sun­gat iş­gär­le­ri bi­li­me de­giş­li hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze for­mat­la­ry­ny, meý­le­tin­lik ug­run­da­ky ýaş­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny we me­de­ni­ýet­ler ara­syn­da­ky gep­le­şik­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.
Mer­ke­zi pa­ne­l mil­le­ta­ra ara­gat­na­şy­gyň se­riş­de­si hök­mün­de rus di­li­niň ýy­ly diý­lip yg­lan edi­len GDA-nyň 2023-nji ýyl­da­ky esa­sy te­ma­sy­na ba­gyş­la­nar.
Fo­rum­da GDA-nyň döw­le­ta­ra baý­rak­la­ry «Ar­ka­la­şy­gyň ýyl­dyz­la­ry» we «Ar­ka­la­şy­gyň il­kin­ji çy­kyş­la­ry» baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy, şeý­le hem GDA ýaş­lar sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň çy­ky­şy bo­lar.
Fo­ru­myň çä­gin­de il­kin­ji ge­zek GDA-nyň Döw­let mag­lu­mat agent­lik­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň mej­li­si we GDA-nyň teatr kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň “te­ge­lek sto­ly” ge­çi­ri­ler.
Dö­re­di­ji­lik we yl­my in­te­lli­gen­si­ýa­lar fo­rum­la­ry Ar­ka­la­şy­gyň çä­gin­de şu ýy­lyň esa­sy çä­residir. Olar GDA ýurt­la­ry­nyň paý­tagt­la­ryn­da ge­zek­li ge­ze­gi­ne ge­çi­ril­ýär.
Aş­ga­batda 2012–nji we 2019-njy ýyl­lar­da dö­re­di­ji­lik we yl­my in­te­lli­gen­si­ýa­lar fo­ru­my­ iki ge­zek ge­çir­ildi.