14-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne tä­ze bel­le­nen Ka­ha Im­nad­ze­ni ka­bul et­di.

Dip­lo­mat du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny we äh­li türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şun­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len se­bit we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän iş­jeň or­ny bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­na sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, je­nap Ka­ha Im­nad­ze­ni BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň stra­te­gik se­bit­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hä­zir­ki wagt­da dep­gin­li ösü­şi gör­kez­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Se­bi­tiň ýurt­la­ry äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ga­za­nyl­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge yg­rar­ly­dyr­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan soň­ky ýyl­lar­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp bar­lan­dy­gy, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň dö­re­di­len­di­gi we anyk mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit mer­ke­zi­niň alyp bar­ýan mö­hüm işi­niň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, BMG bi­len köpu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň we gi­ňel­dil­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bol­mak bi­len, köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär hem-de dür­li ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär.
Şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da hem-de goň­şy döw­let­le­riň we Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň gol­daw ber­me­gin­de Aş­ga­bat­da esas­lan­dy­ry­lan BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri ge­çen 15 ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da özü­ni hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ul­ga­my­ny Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len bir­leş­dir­ýän ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de gör­kez­di.
Je­nap Ka­ha Im­nad­ze hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa se­bit mer­ke­zi­niň işi­ne ber­ýän he­mi­şe­lik gol­daw­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­mak ýag­da­ýy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, ne­ti­je­li sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik dia­lo­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Dip­lo­mat ýur­du­myz bi­len bi­le­lik­dä­ki işiň baý tej­ri­be­si­ne hem-de uly müm­kin­çi­lik­le­re esas­lan­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­ze Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.