17-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­na (ÝU­NES­KO) go­şul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi bi­len ta­nyş­mak­dan baş­lan­dy.
Soň­ra “Türk­me­nis­tan – ÝU­NES­KO: aba­dan­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk” at­ly da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­giş­li ko­mi­tet­le­ri­niň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, şeý­le hem ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­tan Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň rek­to­ry Ju­ma­my­rat Gur­ban­gel­di­ýew aç­dy.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sa­ry, Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wa söz be­ril­di.
Çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da R.Me­re­dow mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry şan­ly se­ne – Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­na (ÝU­NES­KO) ag­za­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy we ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Şeý­le hem otuz ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, bi­li­mi, yl­my ös­dür­mek we halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ni ýo­la goý­mak bo­ýun­ça äh­lu­mu­my ta­gal­la­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy bel­len­di. Türk­me­nis­tan me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy go­ra­mak, sak­la­mak we wa­gyz et­mek iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar.
Çä­rä­niň do­wa­myn­da BMG-nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Dmit­riý Şla­pa­çen­ko, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň iş­le­ri wagt­la­ýyn yna­ny­lan we­ki­li Ru­ne Kast­berg, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry Ç. Rüs­te­mo­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nist­ri G.Ata­ýe­wa we baş­ga­lar çy­kyş et­di­ler.
Şeý­le hem ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Sin Tsýu­ýuň, ÝU­NES­KO-nyň Täh­ran­da­ky Klas­ter eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry Gol­da El-Hu­ri­niň, ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry, Hö­kü­me­ta­ra okea­nog­ra­fik ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Wla­di­mir Rýa­bi­niň, ÝU­NES­KO-nyň Bi­lim ul­ga­myn­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry Tao Çža­nyň wi­deo­ýüz­len­me­le­ri diň­le­nil­di.
Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler, Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan baş­la­nan asyl­ly iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len gur­luş­la­ry, hu­su­san-da ÝU­NES­KO – Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di­ler. ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň bu ugur­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.
Bu işiň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de, ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ÝU­NES­KO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň we­kil­çi­lik­li sa­na­wy­na “Türk­me­niň keş­de­çi­lik sun­ga­ty”, “Ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri” we “Mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi” ýa­ly mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň gör­nüş­le­ri bi­len dol­du­ry­lan­dy­gy bel­len­di.
Hyz­mat­daş­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň 13 sa­ny esa­sy hal­ka­ra res­mi­na­ma­sy­na go­şu­lan­dy­gy, ola­ryň ara­syn­da “Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy go­ra­mak ba­ra­da­ky” kon­wen­si­ýa­sy­ny ta­pa­wut­lan­dyr­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu Kon­wen­si­ýa­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da şu wag­ta çen­li Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de 1000-den gow­rak ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ýü­ze çy­ka­ryl­dy we ha­sa­ba alyn­dy. Il­kin­ji des­ga­la­ryň ara­syn­da 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na “Ga­dy­my Merw”, “Kö­ne­ür­genç” we “Nu­sa­ýyň Par­fi­ýa ga­la­la­ry” ýa­ly äh­lu­mu­my adam­zat äh­mi­ýet­li 3 ýa­dy­gär­lik gi­ri­zil­di.
“Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň kon­wen­si­ýa­sy­nyň” çä­gin­de, Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen 8 sa­ny mad­dy däl me­de­ni mi­ra­syň ýa­dy­gär­lik­le­ri ÝU­NES­KO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň we­kil­çi­lik­li sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa “Türk­me­nis­tan – ÝU­NES­KO: aba­dan­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk” at­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan ýüz­len­me ka­bul edil­di, on­da ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri aýaw­ly go­rap sak­la­ma­gy we wa­gyz et­me­gi, şeý­le hem ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän döw­le­ti­mi­ziň öňe sü­ren ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­daw alan­dy­gy nyg­tal­ýar. Bu­la­ryň hem­me­si Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň türk­men hal­ky­nyň we umu­ma­dam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň be­ýik ideal­la­ry­nyň ýeň­şi üçin me­de­ni we yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ýeň­şi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.