Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Äh­li şy­gyr äle­mi­niň we­pa­ly hyz­mat­kä­ri —
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Mi­ze­mez bi­na­la­ryň peý­ma­ny-yg­ty­ba­ry —
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Uly-ki­çi her bir iş­de ka­ýyl­dyr ol gul­lu­gy­na,
Kül­li türk­men hal­ky üçin ömür jan­ly til­di­gi­ne,
Alyn­myş­dyr as­man­la­ryň ke­ra­mat­ly bel­li­gi­ne,
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Baş egip kül­li türk­me­niň eziz ja­na-ja­ny­na,
Müň to­gap bi­len biz bar­ýa­rys ýa­ny­na.
Ba­ry­my­zy şä­rik ed­ýär ägirt şöh­rat-şa­ny­na,
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Müň­ýyl­lyk­dyr asyr­la­ryň nu­ra­na ro­wa­ýa­ty,
Kö­me­gi­ne mä­täç­le­re — Taň­ry­nyň he­ma­ýa­ty,
Äh­li me­kan-za­man­la­ryň çyn-ha­ky­ky ra­ýa­ty —
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Hor­mat goý­ýas päk ru­hu­nyň baý­ra­my­na-to­ýu­na,
Tag­zym ed­ýäs zer ýal­kym­ly pi­ki­ri­ne-kü­ýü­ne.
Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gal­dy bu gün ör­bo­ýu­na,
Onuň Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Üç asy­ryň do­wa­myn­da ge­çen ýo­ly ulu­dyr,
Hal­ky­nyň hem adam­za­dyň sa­dyk-syt­dyh gu­lu­dyr,
He­mi­şe we hem­me ýer­de şol bir Mag­tym­gu­lu­dyr,
Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.
Onuň Aly­je­na­by Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.