Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa sebitde ýerleşip, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň saglygy baradaky taýsyz tagallalarynyň belent nusgasyny özünde jemleýär. Dagyň arassa howasyndan dem almagyň saglyk üçin örän peýdalydygy hemmämize aýan hakykat. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, köçe-ýollaryň gyrasyna, şeýle-de daş-töweregine ekilen saýaly, pürli we miweli baglar, suw çüwdürimleri, ýanýodalarda açylyp duran al-elwan güller täze şäherde howanyň arassa bolmagyna giň mümkinçilik berýär. Ak mermerli binalara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşaw üçin zyýansyz elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, «akylly» öý hyzmatlaryndan peýdalanylmagy milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolan Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassadygyny alamatlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Täze şäherde ylym-bilim, medeni maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, saglyk we sport ulgamyna degişli desgalar ýerleşýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy Watanymyzyň iň täze taryhynyň şöhratly sahypasy bolup, her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan çagalar barada hemmetaraplaýyn alada edilýär. Nurana geljegimiz bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň arasynda: «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýilýär. Saglyk bar ýerinde abadançylyk, bagtyýarlyk bar.
Häzirki wagtda Arkadag şäherinde 6 sany lukmançylyk edarasy guruldy. Geljekde bu ýerde ençeme saglyk merkezleri, şol sanda eneler we çagalar üçin saglyk merkezi dörediler. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär.
Özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi bar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň binasy we oňa ýanaşyk binalardan ybaratdyr. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly ýokary hünärli hünärmenler işleýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäheri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-saglygy goraýyş ulgamynda gazananlarynyň, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň mysalyny alamatlandyrýar.
Şeýle hem Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň köp sanly ýaşajyk körpe nesillerine ýokary derejeli lukmançylyk kömegi berildi we bu sogap iş dowam etdirilýär.
Lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda çagalaryň saglygy, olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş türkmenistanlylara hemişe kömek bermek ugrunda tagalla edilýär.
Şeýle hem bu haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hossarsyz galan çagalara at dakýarlar, olary atalyk mähri bilen gurşap alyp, bu meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşýärler.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň möhüm wakasy boldy.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda bina edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hemaýata mätäç çagalara kömek bermek boýunça giň gerimli işleri ilerletmekde ägirt uly mümkinçilige eýe bolup, mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak arkaly, olaryň adaty durmuşa goşulmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli döwrebap şertleri özünde jemleýär.
Jamal MANAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.