Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hereketde

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri­dir. Zy­ýan­ly en­dik­le­riň bi­ri bo­lan, dü­zü­min­de tem­mä­ki sak­la­ýan se­riş­de­le­ri çek­mek­li­ge gar­şy gu­ra­ma­çy­lyk­ly gö­reş çä­re­le­ri­niň jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­laş­ma­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ila­ty­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin, il­kin­ji no­bat­da, ýaş nes­li ýa­ra­maz en­dik­ler­den go­ra­mak ge­rek. Çün­ki ýaş­lyk döw­rün­de dür­li se­bäp­ler bi­len ýü­ze çyk­ýan bu en­dik­ler, soň­lu­gy bi­len yn­sa­nyň er­ki­ni elin­den alyp, onuň sag­ly­gy­na düýp­li zy­ýan ýe­tir­ýär.
Çi­lim çek­ýän adam tem­mä­ki­niň tüs­se­si bi­len bi­le­lik­de ni­ko­ti­ni, si­nol tur­şu­sy­ny, bo­gu­jy gaz­la­ry, ben­zo­pi­ri­ni, po­lo­niý we şo­ňa meň­zeş ra­dioak­tiw ele­ment­le­riň kir­şe­ni­ni öz içi­ne dart­ýar. Çi­lim çe­ki­len­de bu mad­da­la­ryň 25 gö­te­ri­mi ýan­ýar, 50 gö­te­ri­mi tüs­se gör­nü­şin­de daş­ky gur­şa­wa ýaý­ra­ýar, 5 gö­te­ri­mi çi­li­miň ga­lyn­dy­syn­da gal­ýar, 20 gö­te­ri­mi bol­sa öý­ke­niň üs­ti bi­len ada­myň be­de­ni­ne düş­ýär we ony zä­her­le­ýär. Çi­li­miň tüs­se­si adam be­de­ni­ne zä­her­leý­ji tä­sir ed­ýär:
Çi­lim çek­ýän adam­la­ryň ag­la­ba­sy do­wam­ly bron­hit bi­len ke­sel­le­ýär. Öý­ke­niň howp­ly tä­ze­dö­re­me ke­sel­le­ri­ne ýo­lug­ýan has­sa­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi çi­lim­keş­ler­dir.
Çi­lim çek­ýän adam­lar­da mio­kar­dyň in­fark­ty, gi­per­to­ni­ýa, ste­no­kar­di­ýa, mio­kar­dio­dist­ro­fi­ýa çi­lim çek­me­ýän adam­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 8 gö­te­rim köp duş­ýar. Çi­lim­keş­le­riň kö­pü­si en­do­ar­te­rit­den ejir çek­ýär.
Çi­lim çek­ýän­le­riň ara­syn­da ka­ri­ýes (diş çüý­re­me­si), gast­rit (aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy­nyň gaý­nag­la­ma­sy), aş­ga­za­nyň we oni­ki bar­mak içe­gä­niň baş­ly (ýa­ra) ke­sel­le­ri köp duş gel­ýär. Çi­lim­keş­le­riň 4 gö­te­ri­mi ba­gyr sir­ro­zy­na du­çar bol­ýar.
Çi­lim çek­ýän adam­la­ryň kö­pü­si­niň gö­re­ji ir kü­tel­ýär, eşi­diş, ta­ga­my du­ýuş we ys alyş uky­by gör­ne­tin pe­sel­ýär. Çi­lim­keş­le­riň ça­ga­la­ry­nyň ara­syn­da do­ga­bit­di nä­saz­lyk­lar, dür­li ke­mis­lik­ler bi­len do­gul­ýan­la­ry hem duş gel­ýär.
Öý­de, iş ýe­rin­de, köp­çü­lik ýer­le­rin­de çi­lim çek­ýän çi­lim­ke­şiň ýa­nyn­da çi­lim çek­me­ýän ada­myň bol­ma­ly bol­ýan ýag­da­ýy­na «pas­siw çi­lim­keş­lik» di­ýil­ýär. Pas­siw çi­lim­keş­lik örän howp­ly bo­lup, beý­le ada­ma çi­lim çek­ýä­niň özün­den ar­tyk ze­lel ýet­ýär. Mu­nuň özi çi­li­miň öç­me­dik odu­nyň tüs­se­sin­de iň zy­ýan­ly hi­mi­ki bir­leş­me­ler bo­lan kan­se­ro­gen (ýag­ny, howp­ly çiş ke­sel­le­ri­niň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýän) mad­da­la­ryň has köp bol­ma­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Pas­siw çi­lim­keş­lik ylaý­ta-da ki­çi ça­ga­lar, ýet­gin­jek­ler we göw­re­li ze­nan­lar üçin howp­lu­dyr, se­bä­bi ola­ryň öý­ke­niň do­wam­ly we on­ko­lo­gi­ki ke­sel­le­ri­ne, süýt mäz­le­ri­niň howp­ly tä­ze­dö­re­me­le­ri­ne, ýü­rek-gan da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­ne du­çar bol­mak äh­ti­mal­ly­gy has ýo­ka­ry­dyr.
Ada­myň be­de­nin­de çi­li­miň zä­her­leý­ji tä­si­ri­ne du­çar bol­ma­ýan ag­za ýok­dur. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, çi­lim­keş­lik ömür ta­na­py­nyň wag­tyn­dan ir üzül­me­gi­ne ge­tir­ýän se­bäp­le­riň bi­ri­dir. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip ýa­şa­ýan maş­ga­la­da­ky adam­lar çi­lim çek­ýän maş­ga­la­da­ky­la­ra se­re­de­niň­de bir­nä­çe ýyl uzak ýa­şa­ýar.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, her ýy­lyň 31-nji ma­ýy Bü­tin­dün­ýä çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Çi­lim­keş­le­riň ag­la­ba­sy öz zy­ýan­ly en­di­gin­den sap­lan­ma­gy köp­lenç ba­şar­ma­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem çi­lim­keş­le­re psi­ho­te­ra­pew­te ýa-da nar­ko­lo­ga ýüz tut­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Toh­ta Ýaz­me­do­wa,
Hal­ka­ra şi­kes­le­ri be­je­riş mer­ke­zi­niň fi­zio­te­ra­pi­ýa we be­den­ter­bi­ýe be­je­riş bö­lü­mi­niň
luk­ma­ny.