Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere, bilim edaralaryny zerur okuw esbaplary, döwrebap okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada belläp, mekdep bazarlarynyň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmalydygyna hem-de olarda harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlarynda mekdep bazarlary işleýär, bu ugurda ýöriteleşdirilen dükanlarda hem mekdep harytlarynyň giň görnüşi ilatymyza hödürlenýär.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylardyr talyp ýaşlar, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene-atalary mekdep bazarlaryndan, ýöriteleşdirilen dükanlardan gerekli okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Bu ýerlerden okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda oglanlar we gyzlar üçin ýokary hilli materiallardan öndürilen ýantorbalar, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, paýtagtymyzyň owadan binalarynyň şekilleri bilen bezelen depderler we beýleki okuw esbaplary bar. Dürli okuw derslerine niýetlenip öndürilen depderler, şeýle hem sözlükdir kartalar ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrýar. Okuw esbaplarynyň ählisini mekdep bazarlaryndan we ýörite dükanlardan elýeterli bahadan satyn almaga hemme mümkinçilikler döredilen. Biziň «Galam» dükanymyz hem indi birnäçe ýyl bäri kanselýariýa harytlary, okuw esbaplary, baýramçylyklar we belli seneler üçin sowgatlyklaryň satylýan iň uly dükanlaryň biri bolup, ilatymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýär hem-de ýyl-ýyldan öz işini kämilleşdirip, hyzmatlaryň gerimini giňeldýär.
Okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp mekdep okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgadyň – programma üpjünçilikli kompýuteriň gowşurylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda mugallymlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri geçirilýär.
2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda tagalla edýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwlet ÖWLÝAGULYÝEW,
telekeçi,
Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy.