Soň­ky ýyl­lar­da te­bi­gat­da kä­bir ösüm­lik­le­riň ýa-da mör-mö­jek­le­riň sa­ny azal­ýar. Mu­ňa biz gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da hem ga­bat gel­ýä­ris. Kä­bir adam bir­nä­çe ýyl ozal has köp gö­ze il­ýän jan­ly-jan­da­ry köp wagt­dan bä­ri gör­me­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Bu ýag­daý di­ňe kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bi­len däl, eý­sem, şä­her­leş­me­giň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de hem bo­lup bil­ýär. Şeý­le hem oba ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan der­man­lar jan­ly-jan­dar­la­ryň göç­mek­le­ri­ne ge­ti­rip bil­ýär. Em­ma kä­bir en­de­mik ösüm­lik­ler, di­ňe bel­li çäk ara­ly­gyn­da­ky şert­ler­de ýa­şa­ýan­dy­gy se­bäp­li sa­ny azal­ýar. Ilat­ly ýer­den has uzak­da bit­ýän bu ösüm­lik­ler gün­de­lik dur­muş­da ga­bat gel­ýän beý­le­ki ösüm­lik­le­re meň­ze­me­ýär. Bi­ler­men­ler bu ösüm­lik­le­riň soň­ky to­hu­my­ny taş­lan­la­ry­nyň hem bar­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Şeý­le bo­lan­soň ola­ry eme­li usul­da kö­pelt­mek üçin ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär. Şol agaç­la­ryň we gül­le­riň kä­bi­ri we olar ba­ra­daky gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris.

Kui­wer aga­jy. Dün­ýä­niň iň gu­rak ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Na­mi­bi­ýa­da­ky çöl­ler­de ös­ýän bu agaç asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýer­li ýa­şaý­jy­lar üçin örän gym­mat­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Se­bä­bi onuň ýum­şak bol­ma­gy gaý­ta­dan iş­läp, gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan gu­ral­la­ry aň­sat­lyk bi­len ýa­sa­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Ýer­li san hal­ky­nyň di­lin­den ter­ji­me edi­len­de, «tit­re­ýän» diý­me­gi aň­lad­ýan bu aga­jy oýup, dür­li gap­lar ýa­sa­lyp­dyr. Çöl­de bit­ýän bu ösüm­lik Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da hem ga­bat gel­ýär.

Bao­bab aga­jy. (Suraty ýokarda) Ma­da­gas­kar ada­syn­da we Awst­ra­li­ýa­da ös­ýän bu ösüm­li­giň se­kiz gör­nü­şi bar. Oňa adan­so­ni­ýa hem di­ýil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, «maý­my­nyň çö­re­gi», «çüý­şe aga­jy» ýa­ly at­la­ry hem bar. Çüý­şe di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi aşa gu­rak te­bi­gat­da ös­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, onuň dü­zü­min­de köp muk­dar­da suw sak­lan­ýar. Şol se­bäp­li olar aň­sat ýan­ma­ýar. Kä­ha­lat­lar­da to­kaý­da ýan­gyn dö­rän­de bu agaç­lar ýan­man gal­ýar. Dia­met­ri 15 met­re ýet­ýän bu aga­jyň bir düý­bün­de 115 ton­na suw sak­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Bu ösüm­lik ýa­gyş­ly möw­süm­de dü­zü­mi­ne suw ýyg­na­ýar. Şol ma­hal aga­jyň dü­zü­mi­niň 76 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bol­ýar. Ýer­li ilat gu­ran agaç­la­ryň ýo­kar­sy­ny ke­sip, or­ta­syn­da­ky kö­we­gi suw sak­la­mak üçin hem peý­da­lan­ýar. Aga­jyň bo­ýy 40 met­re çen­li ýet­ýär. Onuň ýap­rak­la­ryn­dan, mi­we­sin­den, sa­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýan on­lar­ça jan­dar bo­lup, ki­çi­räk ekoul­ga­my dö­red­ýär. Bao­ba­byň ga­by­gy­nyň as­tyn­dan alyn­ýan sü­ýüm­den ýüp, se­bet, egin-eşik ýa­ly zat­lar taý­ýar­lan­ýar. Onuň ar­ty­lan ga­by­gy gys­ga wagt­dan gaý­ta­dan ösüp çyk­ýar. Aga­jyň mi­we­si, ýap­rak­la­ry we gül­le­ri iý­mit hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Mi­we­sin­den süý­ji şer­bet­ler taý­ýar­lan­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den 450-600 metr be­lent­lik­de ös­ýän bu ösüm­lik te­bi­gy we eme­li usul­da kö­pel­ýär. Tä­sin ýe­ri, adat­ça, agaç­lar ke­si­len­de onuň ýa­şy­ny anyk­la­ma­ga ýar­dam ed­ýän hal­ka­lar bu aga­jyň için­de gö­rün­me­ýär.

Kau­ri aga­jy. Bir­ma­hal­lar Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da de­ňiz ke­na­ryn­da kau­ri to­kaý­lyk­la­ry bo­lup­dyr. Ola­ryň ara­syn­da ýa­şy 1200-e ýe­ten­le­ri hem bo­lup­dyr. Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri kau­ri ga­ýyk ýa­sa­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ola­ryň sa­ny wag­tyň geç­me­gi bi­len gör­ne­tin aza­lyp­dyr. Şol se­bäp­li bu ösüm­li­giň De­mir­ga­zyk ada­syn­da sak­la­nyp ga­lan soň­ky nus­ga­la­ry go­rag as­ty­na al­nyp­dyr.

Raff­le­zi­ýa gü­li. Ösüm­li­giň gü­lü­niň dia­met­ri bir met­re, ag­ra­my 9 ki­log­ra­ma çen­li bo­lup bil­ýär. In­do­ne­zi­ýa­da, Ma­laý­zi­ýa­da we beý­le­ki Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da bit­ýän ösüm­lik dün­ýä­niň iň uly gü­li ha­sap­lan­ýar. Yl­my ady «Raff­le­sia ar­nol­dii» at­ly ösüm­li­giň gü­li ýyl­da bir ge­zek açyl­ýar. Ösüm­lik ha­sap edil­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, fo­to­sin­tez ha­dy­sa­sy­ny ama­la aşyr­ma­ýan, kö­ki we ýap­ra­gy hem bol­ma­dyk «Raff­le­sia ar­nol­dii»-niň açy­lan wag­ty ýaý­rad­ýan ysy si­ňek­le­ri we beý­le­ki mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­ýär. Şeý­le­lik­de, mör-mö­jek­ler gü­lüň toz­ga­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Beý­le­ki ösüm­lik­le­re ýa­py­şyp ös­ýän bu gü­lüň kö­ki ýok. Ol adat­ça, üzüm ýa­ly çyr­ma­şyp ös­ýän ösüm­lik­le­riň şa­ha­syn­da bit­ýär. Bu ösüm­lik In­do­ne­zi­ýa­da ak jas­min hem-de Aý or­hi­de­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de mil­li sim­wol ha­sap­lan­ýar.

Wel­wi­çi­ýa Mi­ra­bi­lis. Meş­hur awst­ri­ýa­ly bo­ta­nik Frid­ris Wel­wi­çiň hor­ma­ty­na şeý­le at ber­len ösüm­lik, esa­san, Na­mi­bi­ýa­da, de­ňiz ke­na­ry­nyň 100 ki­lo­met­re çen­li ara­ly­gyn­da­ky çöl­de bit­ýär. Iki ýap­rak­dan we kök­den yba­rat bo­lan ot 400 ýyl­dan 1 müň 500 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry 2 metr­den 4 met­re çen­li ara­lyk­da bol­ýar.

 

Half­mens. Yl­my dil­de «Pachy­po­di­um na­maqua­num» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu tä­sin ösüm­lik sü­tü­ne meň­zäp, şa­ha­la­ry bol­ma­ýar. Ýo­kar­syn­da­ky şa­ha­la­ry ke­si­len pal­ma meň­zeş bo­lan bu ösüm­lik de­ňiz de­re­je­sin­den 300-900 metr be­lent­lik­de, gu­rak hem daş­ly ýer­ler­de ös­ýär.

 

Af­ri­kan gid­no­ra­sy. Gy­zyl reňk­li gü­li bo­lan ösüm­lik Gü­nor­ta Af­ri­ka­da bit­ýän tä­sin ösüm­lik­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Baş­ga bir ösüm­li­giň kö­kü­ne bi­ri­gip ös­ýän bu ösüm­lik gül açan wag­ty mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­ýär.