Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Okuwçylar bu döwürde dynç aldylar, dürli oýunlar oýnadylar, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde täze dost tutundylar. Çagalaryň boýy hem ösdi. Indi bolsa çagalaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk görüp başlamaly wagty geldi. Olar mekdebe taýýarlananda diňe okuw esbaplary däl, eýsem, egin-eşikler hem taýýar edilmeli. Bu mesele çagalaryň ene-atalaryny ýa-da ýakyn hossarlaryny gyzyklandyrýar. Eýsem, çagalara okuw eşikleri, aýakgap we ýantorba saýlananda, nämelere üns bermeli? Geliň, bu barada bilermenleriň berýän maslahatlary bilen tanyş bolalyň!
Kiçi ýaşly okuwçylar 4-5 sagadyny, uly synp okuwçylary 6-8 sagadyny mekdepde geçirýärler. Güýz paslynyň gelmegi bilen howanyň temperaturasy çalt üýtgäp başlaýar. Käbir günlerde irden birneme salkyn bolýan bolsa, günortan tüp yssy bolýar. Şol sebäpli salkyn ýa-da sowuk günlerde çagalara howa geçirmeýän galyň eşik däl-de, ýuka, ýöne gat-gat eşik geýdirmek maslahat berilýär. Eşik bedene ýapyşyp duran däl-de, birneme giň we rahat bolmaly, çaga aňsatlyk bilen hereket edip bilmeli. Egin-eşigiň matasy pamykdan ýa-da beden üçin zyýansyz, ýumşak we tebigy materiallardan edilen, howa geçirýän bolmaly. Sebäbi, çagalaryň teni näzik bolýar. Käbir eşigiň iç ýüzünde onuň ýuwluşy, ütüklenişi ýa-da öndüren kärhananyň ady ýazylan etiketkalar bolýar. Olaryň käbiri gaty materialdan bolup, eplenen ýeri ýiti bolýar. Şol sebäpli bu etiketkany eşige zyýan ýetirmezden aýryp hem bilersiňiz. Şeýle hem egin-eşikler yssy howada derletmeýän, sowukdan goraýan bolmaly.
Käbir ene-ata aýakgap alanda çaganyň ulalyp barýandygyny göz öňünde tutup, has ulusyny alýar. Emma bu ýalňyşdyr. Şeýle ýagdaýda 0,5-1 ölçeg ulusy alnyp bilner. Ondan uly ölçegdäki aýakgap almak maslahat berilmeýär. Dar we kiçi aýakgap bolsa asla almaly däl. Aýakgap alnanda çaga jorap bilen geýdirip hem-de ýöredip görmeli, gyşda geýiljek aýakgap alnanda galyň jorap bilen geýdirip görmeli. Aýakgabyň öň tarapynyň dar, ujunyň süýmek bolmagy barmaklaryň dogry ösmegine päsgel berip ýa-da dyrnagyň batmagyna getirip biler. Bagjykly aýakgaplar gowy baglanmasa ýa-da çözülen ýagdaýda çaganyň ýykylmagyna sebäp bolmagy mümkin. Şol sebäpli bagjyksyz ýa-da aňsatlyk bilen açylyp-ýapylýan kemerjigi bolan aýakgap almaly. Onuň aşagy büdür-südür, tekiz ýerde taýmaýan, ýagynly howada suw geçirmeýän bolmaly. Her gün geýilýändigi sebäpli çaganyň aýagy derläp bilýär. Şol sebäpli jorap saýlananda hem ünsli bolmaly. Joraby bir gezekden köp geýmeli däl. Ýuwman ertesi gün ýene geýilse jorap aýakgabyň çalt tozmagyna hem-de aýakda käbir keselleriň döremegine getirip bilýär.
Sport aýakgaby saýlananda hem ýokardaky ýagdaýlar göz öňünde tutulmaly. Sport aýakgabyny bedenterbiýe dersinden başga wagt geýmeli däl. Sebäbi has köp hereket edilýändigi üçin aýak derleýär. Derlän aýak bilen köp wagt gezmek bolsa, aýakda kömelejikleriň döremegine sebäp bolýar.
Mekdep ýantorbasy alnanda çaganyň ýaşy, agramy göz öňünde tutulmaly. Islendik ýaşdaky çaga üçin arkaňda göterilýän mekdep ýantorbalaryny götermek maslahat berilýär. Onuň egniňden asylýan ýeriniň lentasy inli we ýumşak bolmaly. Bu ýagdaý ýantorbanyň agramyny deň ýaýradýar. Kiçi ýaşly çagalara has uly, agramyny artdyrjak dürli reňkli, gabaryp duran suratly we dürli oýnawaçlar asylyp duran ýantorbalary almaly däl. Onuň göterilişine hem üns bermeli. Adatça, arkaňdan asylýan ýantorbalaryň ýüplerini ulaldyp hem kiçeldip bolýar. Ýantorbanyň ýüpüni çaganyň arkasyna laýyk ýerleşer ýaly edip sazlamaly. Ony bir egniňde götermeli däl. Ýantorbanyň agramy çaganyň agramynyň 10-15 göteriminden agyr bolmaly däl. Agyr kitaplary we beýleki okuw esbaplaryny ýantorbanyň arka ýakyn tarapyna, ýeňil esbaplary öň tarapyna ýerleşdirmeli. Çaga awtobusa ýa-da beýleki ulagyň gelmegine garaşanda ýa-da awtobusda barýarka ýantorbasyny arkasyndan düşürip arassa ýerde goýmagy öwretmeli. Ýantorba okuw esbaplaryndan başga zat salmaly däl, diňe şol gün geçiljek sapaklaryna degişli kitapdyr depderleri salmaly. Arkaňda ýantorba bar wagty ýerden bir zat alynjak bolnanda egilmeli däl-de, ilki ýantorbany aýyrmaly, bu kyn bolsa, dyzyňy epip almaly.
Islendik egin-eşik ýa-da okuw esbaby satyn alnanda, mekdebiň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny unutmaň!