17-nji awgustda Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.