Ispaniýaly meşhur futbolçy Pedro 39 ýaşynda karýerasyny tamamlady. Doly ady Pedro Eliezer Rodriges Ledesma bolan futbolçy 1987-nji ýylyň 28-nji iýulynda Ispaniýanyň Tenerife şäherinde dünýä inýär. Karýerasyna Kanarýa adasyndaky “San Isidro” klubunda başlan 2005-nji ýylda “Barselona” transfer bolýar. Ilki katalonlaryň “C”, soňra “B” toparynda oýnan Pedro 2008-nji ýyldan esasy düzümde çykyş edip başlaýar. 8 möwsümden soň “Çelsi” toparyna geçip, bu ýerde 5 möwsüm oýnaýar. 2020/21 möwsümini “Romada” oýnan Pedro 2021-nji ýylyň tomsunda Rimiň beýleki toparyna, “Lasio” klubuna geçýär. Ol bu toparda 5 möwsüm çykyş edýär. Umumylykda klublarda 902 oýunda 215 gol geçirýär. Pedro 2009/10 möwsüminde ähli klub ýaryşynda gol geçiren ilkinji oýunçy bolýar.

“Barselonada” “La Ligada” 5, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 3, Ispaniýanyň Super Kubogyny 4, UEFA Çempionlar Ligasyny 3, UEFA Super Kubogyny 3, FIFA Klublar arasy Kubogyny 2, “Çelside” “Premier Ligany” 1, FA Kubogyny 1, UEFA Ýewropa Ligasyny 1 gezek gazanýar.

Ispaniýanyň ýygyndysynda 65 duşuşykda 17 gol geçiren Pedro 2010-njy ýylda Dünýä Kubogyny, 2012-nji ýylda Ýewropanyň çempionlygyny gazanýar.