Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi saglygyny gowulandyrmak we Milli sport hereketine goşulmak isleýänleriň okuwa alynýandygyny yglan etdi. Kabul edişlik 21-25-nji awgust aralygynda geçiriler.
Olimpiýa suw-sport toplumy suwda ýüzmek usulyny özleşdirmäge çagyrýar. Bu ýerde 6-7 ýaşly oglanlar we gyzlar ussat halypanyň gözegçiliginde dogry dem almagy we suwda erkin hereket etmegi öwrenerler. Mundan başga-da, ýüzmek çagalarda kaddy-kamat bozulmalarynyň öňüni alýar.
Toplumyň suwa bökmek bölümine 7-8 ýaşly oglanlar alynýar. Olimpiýa oýunlarynyň iň owadan görnüşlerinden biri bolan suwa bökmekde birnäçe ugurda türgenleşikler geçirilýär. Olaryň arasynda özüňi çekmek, agyrlyklary götermek, akrobatik usullar we batutda bökmek ýaly tilsimler bar.
Suw pökgüsi bölümine bolsa 8-9 ýaşly oglanlar alynýar. Sportuň bu gyzykly we saglyga peýdaly görnüşi ussat tälimçi öz başarnyklaryny öwreder. Suw polosy, ilkinji nobatda, ynamly ýüzmegi, ünslüligi we topar sazlaşygyny öwredýär.
Şort-trek bilen gyzyklanýan 7-9 ýaş aralygyndaky oglanlar we gyzlar hem okuwa çagyrylýar. Konkili typmak çagalaryň fiziologik taýdan ösüşi üçin has-da peýdalydyr.
Toplumyň hokkeý bölümine bolsa 9-10 ýaşly oglanlar kabul edilýär. Hokkeý ýetginjegiň myşsa massasyny berkitmäge we artdyrmaga kömek edýän köp toparlaýyn hereketli oýundyr. Sportuň bu görnüşi çagalara hokkeý oýnunyň dowamynda çalt çözgüt tapmagy we islendik ýagdaýda taýýarlygy ele almaga kömek eder.
Mundan başga-da, sportuň başa-baş söweş görnüşlerine gatnamak isleýänler hem okuwa kabul edilýär. Boks bölümi 9-10 ýaşly oglanlary çagyrýar. Dzýudo bölümi bolsa 10-11 ýaşly oglanlar we gyzlar üçin açykdyr.
Zerur bolan resminamalaryň sanawy: dogluş hakyndaky şahadatnamasy; ene-atalaryň pasportlarynyň nusgalary; maşgala lukmanynyň güwänamasy; 3×4 ölçegli 6 sany surat gerek. Resminamalar paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň 25-nji jaýynda ýerleşýän Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda kabul ediler we söhbetdeşlik geçiriler.