Soňky günlerde dünýäniň köp ýerinde, şol sanda Ýewropada howanyň ýokary temperaturasy hasaba alynýar. Stambulda adatdakydan 10 derejä çenli yssy howa hasaba alnan bolsa, Fransiýanyň käbir ýerlerinde iň yssy (42 derejeden ýokary) gün bolandygy mälim edildi. Ýurduň Meteorologiýa edarasynyň maglumatyna görä, 21-nji awgustda Rona jülgesinde howanyň temperaturasy 42,7 derejä ýetdi. Şeýlelikde şu ýylyň iň ýokary temperaturasy hasaba alyndy. Käbir ýerde termometrler 42,5 derejäni görkezdi.
Italiýanyň bolsa, Demirgazyk Afrikadan gelýän yssy howa akymynyň täsine girendigi mälim edildi. Ýurduň saglygy goraýyş ministrligi çarşenbe güni 16, penşende güni 17 şäherde iň ýokary derejede yssy temperaturanyň bolmagyna garaşylýandygyny aýdyp, ýaşaýjylary ünsli bolmaga çagyrdy. Ministrlik bu şäherlerde günortan wagty günüň aşagynda durmakdan saklanmalydygyny belledi.
Ýurduň Sisiliýa we Sardiniýa adalarynda şu ýylyň iýulynda howanyň temperaturasy 45-47 dereje bilen taryhy rekord goýupdy. Şeýle hem ýurduň demirgazyk sebitlerinde hem yssy howanyň höküm sürüp başlandygy bellenildi. Alp daglaryndaky Marmolada depesinde soňky 10 ýylyň iň yssy howasy hasaba alnypdyr. Dagyň 3 müň 343 metr belentliginde termometr 14 derejäni görkezipdir.