Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Wýetnam Sosýalist Respublikasynyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň çakylygy bilen bu ýurda resmi sapar bilen bardy. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hanoýda wýetnamly kärdeşi Wo Wan Thyong bilen geçirilen gepleşiklerde ýurdunyň Wýetnam bilen gatnaşyklaryň täze tapgyryny açmak isleýändigini we ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdarynyň 1 milliard dollara çenli ýokarlanmagyna bil baglaýandygyny aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda Tokaýew geçen ýyl özara söwdanyň 500 million dollardan geçendigini, 2023-nji ýylyň ilkinji alty aýynda eýýäm 600 million dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Duşuşykda Astana bilen Hanoýyň söwda-ykdysady, maýa goýumlary, energiýa, ulag we logistika, agrosenagat, medeni we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tokaýew “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklara uly üns berýäris we halkara arenasynda uly abraýy bolan Wýetnamyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris” -diýdi.
Wýetnamyň Prezidenti hem öz gezeginde Respublikanyň Gazagystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini we ony Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy.
Wizasyz syýahat ylalaşygyna gol çekildi
Geçirilen gepleşiklerden soňra iki ýurduň arasynda wizasyz syýahat ylalaşygyna gol çekildi. Şeýle hem 2023-2025-nji ýyllar üçin iki ýurduň hökümetleriniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksady bilen syýahatçylyk, nebit-gaz we beýleki ugurlarda jemi 12 resminama gol çekildi.
Tokaýew 20-nji awgustda resmi sapar bilen Wýetnama bardy. Ol ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşyklardan başga-da, birnäçe önümçilik desgalaryna baryp görmekçi we Wýetnamyň biznesiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirmekçi.