Saud Arabystanynyň “Al Nassr” topary “Porto” toparyndan portugaliýaly ýarymgoragçy Otawiony düzümine goşdy. Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän kluby 28 ýaşyndaky oýunçy üçin “Porto” klubuna 60 million ýewro berer. Otawio “Al Nassr” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Otawio “Portonyň” taryhyndaky transfere goýberen iň gymmat oýunçysydyr. Mundan öňki rekord Eder Militao bolup, ony “Real Madrid” 50 million ýewro satyn alypdy. Asly braziliýaly futbolçy “Portoda” geçiren 7 möwsüminde 282 oýunda 31 gezek tapawutlandy.