23-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Türk­men-Ma­laý­zi­ýa DIM-le­ri­niň ara­syn­da on­laýn gör­nüş­de ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di.
Ge­ňeş­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň dip­lo­mat­la­ry sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we yn­san­per­wer ugur­lar­da köp­ta­rap­la­ýyn we iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň köp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da BMG-niň çä­gin­de gat­na­şyk­la­ry has hem ös­dür­mek ba­ra­da­ky öza­ra ym­ty­lyş ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­nyl­dy. Iň ýo­ka­ry we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň, şeý­le hem iki ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­riň gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gin­de mö­hüm gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni jik­me-jik ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Iki ýur­duň ara­syn­da Yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk üçin bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň dö­re­dil­me­gi­niň ze­rur­ly­gy nyg­tal­dy. Şeý­le hem ta­rap­la­ryň mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­ti san­ly­laş­dyr­mak pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­re­di­lip ge­çil­di.
Türk­men-ma­laý­zi­ýa gat­na­şyk­la­ry­nyň yn­san­per­wer­lik ug­ry bel­le­nil­di, bu ýer­de ta­rap­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk, bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak üçin uly tej­ri­be­si we berk müm­kin­çi­li­gi bar.
Iki ýur­duň döw­let we hu­su­sy gur­luş­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky gy­zyk­lan­ma­la­ryň äh­li ugur­la­ryn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we gi­ňel­me­gi­ne go­şant goş­ýan bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.