Londonyň imperial kollejiniň hünärmenleri tarapyndan Gün şöhlesinden energiýa öndürýän «ýaprak» işlenip taýýarlandy. Ösümlikleriň ýapragynyň başdan geçirýän prosesine öýkünilip işlenip taýýarlanan bu enjam elektrik energiýasyny Gün panelinden has köp öndürýär, şeýle hem şol bir wagtyň özünde suw hem çykarýar. Fotowoltaika ýaprak («PV-leaf») atly bu paneli öndürmek üçin has arzan materialdan peýdalanylyp bilinjekdigi bellenilýär. Geçirilen synaglarda täze tehnologiýanyň adaty Gün panellerinden 10 göterim köp energiýa öndürýändigi ýüze çykaryldy. Tebigy prosese meňzeş bolan bu tehnologiýanyň öndürýän suwy bolsa, howadaky çyglylykdan alynýandygy sebäpli süýji bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýene bir meselesini çözmäge ýardam eder. Bilermenler fotowoltaika ýaprakdan emele gelen Gün energiýa beketleri giňden durmuşa geçirilen ýagdaýynda 2050-nji ýyla çenli her ýylda 40 milliard kubmetr suwuň öndürilip bilinjekdigini belleýärler.
Tebigy şertlerde ösümlikler ýerdäki suwy köki bilen alyp, ýapragyna geçirýär. Ösümligiň düzümindäki suw howanyň ýagdaýyna görä, ýaýraýar we ýapraklary arkaly bugaryp çykýar. Şeýlelikde, ösümlik yssy howa zerarly gyzmakdan halas bolýar. Täze tehnologiýada hem şeýle usuldan peýdalanylyp, Günüň astyndaky paneller gyzmaýar. Bu bolsa, energiýa öndürýän enjamlary sowatmak üçin ulanylýan perlere we beýleki enjamlara bolan zerurlygy aradan aýyrýar. Netijede, ýaprakly Gün desgalaryny diňe gurmak däl, eýsem, işletmek hem arzan düşýär.
Sähra SAPAROWA,
Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň matematika-informatika mugallymy.