«Meta» kompaniýasy ýüze golaý dile düşünýän we terjime edip bilýän «SeamlessM4T» atly programmany tanyşdyrdy. Emeli aň programmasy bellenen dillerde teksti sese, sesi tekste, sesden sese we tekstden tekste terjime edip bilýär. Bilermenler bu programmanyň dürli dilde gepleýän adamlaryň biri-birleri bilen aragatnaşyk saklamagyna ýardam etjekdigini belleýärler.
«Meta» geçen ýyl 200 dilde tekstden tekste terjime edip bilýän emeli aň modeli «No Language Left Behind»-y (NLLB) ulanyjylara hödürläpdi.