Amerikan aktrisasy Ketrin O’Hara aradan çykdy. Aktrisa professional durmuşynyň ýarym asyrdan gowrak wagtynyň dowamynda birnäçe “Emmi” baýragyna mynasyp boldy, onlarça filmde we serialda surata düşdi, köp sanly multiplikasiýa filmleriniň gahrymanlaryna ses berdi we öz nesliniň iň tanalýan hem-de özboluşly aktrisalarynyň birine öwrüldi. Emma, tomaşaçylaryň köpüsiniň ýadynda O’Hara Roždestwo baýramynyň öňüsyrasy ogly Kewini öýde unudan şol mähriban eje bolup galdy.
Kanada-amerikan aktrisasy Ketrin O’Hara 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda, anna güni, Los-Anjelesdäki öýünde gysga wagtlyk dowam eden keselden soň 71 ýaşynyň içinde dünýäden ötdi. Ölümiň sebäbi takyk aýdylmaýar.
Ketrin O’Haranyň çagalygy we ýaşlygy
Ketrin Enn O’Hara 1954-nji ýylyň 4-nji martynda Torontoda, asly Irlandiýaly bolan uly katolik maşgalasynda dünýä indi – ol ýedi çaganyň altynjysydy. Geljekki ýyldyz çagalygyndan töweregindäkilere, ilkinji nobatda bolsa öz maşgala agzalaryna öýkünmegi gowy görýärdi.
1970-nji ýyllaryň başynda O’Hara Torontonyň sketç-komediýa, satira we improwizasiýa boýunça ýöriteleşen “Second City” teatryna ofisiant bolup işe girýär. Ugurdaş bilimi bolmasa-da, ol çykyşlary yzygiderli synlaýar we wagtyň geçmegi bilen çalt reaksiýa, synçylyk we häsiýetleri anyk tutmak ukyby bilen komediýa jemgyýetiniň agzasyna öwrülýär. 1974-nji ýylda Ketrin teatryň toparyna kabul edilýär, iki ýyldan soň bolsa “Second City Television” teleşounyň toparyna goşulýar we tiz wagtda taslamanyň esasy ýyldyzlarynyň birine öwrülýär. Ol ýerde diňe aktrisa hökmünde däl, eýsem sketçleriň awtordaşy hökmünde hem çykyş edýär. Edil şu işi üçin O’Hara 1982-nji ýylda özüniň ilkinji “Emmi” baýragyny alýar.
Ketrin O’Haranyň kino karýerasy
Telewideniýedäki ajaýyp başlangyçlaryndan soň, Ketrin O’Hara uly ekranda hem özüni synap görmegi ýüregine düwýär. Aktrisanyň ilkinji görnetin işleriniň arasynda Martin Skorseseniň “Işden soň” (1985) trilleri we Tim Bertonyň “Bitljus” (1988) gotiki komediýasy bar. Emma O’Hara üçin hakyky şöhrat getiren iş Kris Kolambusyň “Öýde ýeke özi” (1990) atly Roždestwo komediýasyndaky Keýt Makallisteriň keşbi boldy. Iki ýyldan soň aktrisa bu franşizanyň ikinji bölegi bolan “Öýde ýeke özi 2: Nýu-Ýorkda azaşan” (1992) filminde Kewiniň ejesiniň keşbine gaýtadan dolanyp geldi.
Soňky ýyllarda Ketrin O’Hara işjeň surata düşmegini dowam etdirdi. Aktrisanyň iň täsirli işleriniň arasynda “Ýabany Günbataryň rowaýatlary” (1995), “Geňler ýurdy” (2001), “Roždestwony başdan geçirmek” (2004) we beýleki filmler bar. Şeýle-de ýyldyz “Mümkin bolan çäklerden aňyrda” (1995-2002), “Müşderi hemişe öli” (2001-2005), “Şitts Krik” (2015-2020), “Şatlyk gerdegi” (2022) we başga-da köp sanly meşhur seriallarda surata düşdi.
Paralel ýagdaýda O’Hara animasiýa taslamalaryna ses bermek bilen hem meşgul boldy: “Roždestwo öňündäki gorky” (1993), “Jüýjejik” (2005), “Tokaý ýoldaşlary” (2006), “Pariždäki nägehan” (2011), “Frankenwini” (2012), “Addamslar maşgalasy” (2019), “Elementar” (2023), “Ýabany robot” (2024) we beýleki gahrymanlar ýyldyzyň sesi bilen gürleýärler.
Ketrin Enn O’Haranyň şahsy durmuşy
Öz ýanýoldaşy, oýun goýujy-suratkeş Bo Uelş bilen Ketrin O’Hara 1988-nji ýylda “Bitljus” filminiň surata düşüriliş meýdançasynda tanyşdy. Olaryň söýgi gatnaşyklary edil şol ýerde başlandy. 1992-nji ýylyň aprelinde jübütler nikalaşdylar, şondan soň aktrisa Kanadadan Los-Anjelese göçdi.
Är-ayalyň iki ogly boldy: uly ogly Metýu (1994) we kiçi ogly Lýuk (1997). Çagalar döredijilikli gurşawda ösdüler we ata-enesiniň ýolundan gitdiler: Metýu we Lýukyň ejeleriniň gatnaşan taslamalarynda işländikleri mälimdir.
Ketrin O’Haranyň soňky ýyllary
2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Ketrin O’Hara “Lemoni Sniket: 33 betbagtçylyk” serialynda surata düşdi we ol ýerde doktor Jorjina Oruelliň keşbini janlandyrdy. Bellärlikli tarapy, O’Hara 2004-nji ýyldaky ady meňzeş filmlerden serial wersiýasyna geçen ýeke-täk aktrisadyr.
2024-nji ýylda Tim Bertonyň kulta öwrülen “Bitljus Bitljus” atly “gorkuly” komediýasynyň dowamy ekrana çykdy, onda O’Hara ýene-de Deliýanyň keşbine dolandy. 2025-nji ýylda bolsa aktrisa meşhur “Biziň aramyzdaky iň soňkylar” (The Last of Us) serialynyň birnäçe bölüminde oýnady. Ýyldyzyň filmografiýasyndaky iň soňky işi, köne Golliwud kinostudiýasynyň güýçli bäsdeşlik şertlerinde aman galmak ukyplary barada gürreň berýän “Kinostudiýa” atly komediýa serialy boldy.
Işiniň köplügine garamazdan, Ketrin O’Hara özüniň ekrandaky ogly, aktýor Makoleý Kalkini hiç wagt unutmady. 2023-nji ýylda, Kalkiniň Golliwudyň “Şöhrat alleýasyndaky” ady ýazylan ýyldyzynyň açylyş dabarasynda çykyş edende, aktrisa “Öýde ýeke özi” filminiň dünýä derejesindäki sensasiýa bolup galjakdygyny aýtdy we Makoleýiň aktýorlyk işine aýratyn baha berip, ony “hakykatdan hem seýrek zehin” diýip atlandyrdy. Bu ädim olaryň ekrandaky taryhynyň simwoliki jemlemesi we aktrisanyň iň soňky köpçülikleýin çykyşlarynyň biri boldy.
PDF






