Soňky ýyllarda ösen şäherlerde binagärlik gurluşygy bilen tehnologik ösüşleri baglanyşýan desgalaryň birnäçesi guruldy. Bu desgalar daşky bezegi bilen bir hatarda hödürleýän amatly şertleri bilen hem tapawutlanýar. Olaryň hatarynda syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýän myhmanhanalary, dynç alyş merkezlerini, howa menzillerini, köpçülikleýin gezelenç edilýän desgalary görkezmek bolar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýäniň häzirki zaman arhitekturasynyň iň naýbaşy muzeýleri bilen tanyşdyrýarys.
Korol Ontario muzeýi, Kanada. Bu ajaýyp bina Kanadanyň iň uly muzeýi bolup, 1912-nji ýylda myhmanlara gapysyny açýar. Muzeýiň döwrebap taslamasy we gurluşyk işi «Studio Libeskind» kompaniýasyna degişli bolup, 2008-nji ýylda bu taryhy bina prizmatik aýna örtükler we metaldan ýasalan girelge meýdançasy bilen kämilleşdirilýär. Muzeýde 40 galereýa bolup, 13 milliondan gowrak eksponat saklanýar. Muzeýe gelýänler arheologik eserleri synlamak bilen bir hatarda, bezegçilik we sungat eserleriniň janly şaýady bolýarlar. Syýahatçylar bu binanyň Demirgazyk Amerikadaky iň owadan we çylşyrymly taslamadygyny belleýärler.
«Luis Vuitton» gaznasy, Fransiýa. 2014-nji ýylda açylan «Luis Vuitton» gaznasynyň sungat muzeýi Pariždäki häzirki zaman binagärlik eserleriniň biridir. Muzeýiň taslamasy binagär Frank Gehrä degişli bolup, binanyň geň galdyryjy aýratynlygy agaçdan ýasalan çarçuwalara aýna «ýelkenleriň» berkidilmegidir. 12 ganatdan ybarat bolan bu desga birnäçe uly zala bölünýär. Içine Gün şöhlesiniň düşmegi arkaly tebigy ýagdaýda yşyklandyrylan muzeýde surat eserleriniň nusgalary, meşhur adamlara degişli köne zatlar, taryhy tapyndylar saklanýar. Muzeýe her ýyl 2 million töweregi syýahatçy barýar.
Miluoki sungat muzeýi, ABŞ. Miçigan kölüniň kenarynda ýerleşýän bu muzeýde 25 müň sungat eseri saklanýar. ABŞ-nyň iň uly muzeýleriniň biri bolan Miluoki sungat muzeýi 3 sany aýry binadan ybaratdyr. Binanyň iň soňky tapgyry 2001-nji ýylda (birinji tapgyry 1957ý, ikinji tapgyry 1975ý.) gurlup, bu aýna bina «Quadracci Pavilion» diýlip atlandyrylýar. Muzeýiň döwrebap nusgasynyň taslamasy ispaniýaly binagär Santýago Kalatrawa tarapyndan işlenip taýýarlanýar. Aýna binanyň üçeginde 66 metrlik açylýan ganatlar bolup, ýokarsynda ýeliň tizligini ölçeýän datçikler ornaşdyrylypdyr. Awtomatlaşdyrylan bu ulgam howa şertine laýyklykda ganatlaryň açylyp-ýapylmagyny üpjün edýär.
MIHO muzeýi, Ýaponiýa. Kýoto şäheriniň golaýyndaky tokaýda ýerleşýän muzeýiň owadan binagärligi bu ýere gelýänlere adamzadyň döreden eseri bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Meşhur binagär I.M.Peiniň taslamasy esasynda gurlan muzeýe aýna gurluşly asma tunnel arkaly barylýar. Ekologiýa zyýan bermezlik maksady bilen muzeýiň dörtden üç bölegi ýeriň aşagynda bina edilipdir. Şol sebäpli binanyň içine ýörite tunnel arkaly ýokardan girilýär. Muzeýde Rim we Gündogar medeniýetine degişli gymmatlyklar saklanýar.
«Museo Soumaya», Meksika. Mehiko şäheriniň meşhur binalarynyň biri bolan bu muzeý owadan daşky görnüşi hem-de gijesine lowurdap şöhle saçmagy bilen ünsi özüne çekýär. Muzeý iki binadan ybarat bolup, muzeýiň esasy bölegi Plaza Karsoda ýerleşýär. Dokuz gatly binada damja meňzeş 16 müň altyburçluk bar. Meşhur binagär Fernando Romeron muzeýiň taslama işinde suwdan ylham alypdyr. Binada gadymy tapyndylar bilen birlikde sungat eserleriniň 66 müňden gowragy saklanýar. Şeýle hem bu ýerde heýkellere hem-de nusgawy surat eserlerine duş gelmek bolýar.
Geljegiň muzeýi, BAE. Häzirki wagta çenli binagärlik taslamalarynyň içinde iň çylşyrymlysy hasaplanýan Geljegiň muzeýi Dubaý şäherinde ýerleşýär. Emeli baýryň üstünde gurlan muzeýiň daşky görnüşi süýnmek halkaly ýüzüge meňzeýär. Gurluşygyna 2018-nji ýylda başlanan muzeý 2022-nji ýylda ulanmaga berilýär. Dubaýyň täsin galdyryjy desgalarynyň biri bolan Geljegiň muzeýi 7 gatdan ybarat bolup, bu ýerde sergiler, tehnologik oýlap tapyşlaryň görkezilişi ýaly köpçülikleýin çäreler geçirilýär.