24-nji aw­gust­da bag­ban­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Us­sat bag­ban” bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry bol­dy. Bu hü­när bäs­le­şi­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­le­lik­de ge­çir­di.
Bu gün­ki bäs­le­şik­de onuň we­la­ýat tap­gyr­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan bag­ban­lar ýa­ryş­dy­lar.
“Us­sat bag­ban” bäs­le­şi­gi bir­nä­çe mak­sat­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ola­ryň iň esa­sy­sy us­sat bag­ban­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ola­ryň iş tej­ri­be­si­ni giň­den ýaý­rat­mak bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem ola­ryň bag­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän dür­li mi­we­li agaç­la­ryň has-da kö­pel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­mek bäs­le­şi­giň mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Bäs­le­şik üç şert bo­ýun­ça do­wam et­di. Bi­rin­ji şer­te la­ýyk­lyk­da, bag­ban­lar Türk­me­nis­ta­nyň gö­zel te­bi­ga­ty­ny, türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­ýän dat­ly mi­we­le­ri wasp et­di­ler.
Bäs­le­şi­giň ikin­ji şer­tin­de bol­sa, bag­ban­lar­da öz kä­ren­de we ber­ki­di­len ýer­le­rin­de ýe­tiş­dir­ýän bag­la­ry ba­ra­da wi­deo­şe­kil­le­riň üs­ti bi­len gür­rüň ber­di­ler. Şeý­le hem köp ýyl­lar­da top­lan tej­ri­be­le­ri­ni paý­laş­dy­lar. “Us­sat bag­ban” bäs­le­şi­gi­niň soň­ky şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da, bag­ban­lar ýö­ri­te taý­ýar­la­nan so­wal­na­ma­lar esa­syn­da bag­ban­çy­lyk hü­nä­ri, eko­lo­gi­ýa, te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky so­rag­la­ra jo­gap ber­di­ler.
Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şi­giň ne­ti­je­sin­de, emin­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň kä­ren­de­çi­si Döw­let­jan Öwez­my­ra­dow Baş baý­ra­ga my­na­syp gö­rül­di.
Döw­let­jan Öwez­my­ra­dow 25 so­tuk mel­lek ýe­rin­de hur­ma aga­jy­nyň ýüz­den gow­rak gör­nü­şi­ni ýe­tiş­dir­ýär. Her düýp hur­ma aga­jyn­dan 100-den 150 ki­log­ra­ma çen­li ha­syl al­ýar. Şeý­le hem 50 düýp li­mon aga­jy­ny ýe­tiş­dir­ýär. Her düýp li­mon aga­jy 700-900 sa­ny li­mon ha­sy­ly­ny ge­tir­ýär.
Oraz­ne­pes Öwez­gel­di­ýew bu bäs­le­şik­de baý­rak­ly or­na my­na­syp bol­dy. Ol 3 gek­tar ýer­de dür­li na­hal­la­ry ýe­tiş­dir­ýär. Ola­ryň ha­ta­ryn­da çy­na­ryň, ýa­si­niň, me­li­niň we klýo­nyň je­mi 10 000 düýp­den gow­ra­gy bar. Ar­ça, sos­na, tu­ýa na­hal­la­ry­ny hem ýe­tiş­dir­ýär. 7 gek­tar ýer­de bol­sa şet­da­ly, erik, hur­ma, ba­dam, ga­ra­ly ýa­ly mi­we­li bag­la­ryň her­si­niň 5000 düýp­den gow­ra­gy­ny ýe­tiş­dir­ýär.
Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan sow­gat­lar we Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy.