Gawun kädiler maşgalasyndan bolan birýyllyk bakja ekini bolup, gadymy eýýamlardan bäri Orta Aziýada we subtropik ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda bu bakja ekininiň zamça, garrygyz, gülaby, mazy, zamy, kyrkgünlük, akbişek, gürbek, sarygyz, waharman, paýendeki, hytaýy, şagawun, şekerpalak, aknabat ýaly dürli görnüşleri bar. Gawunyň bu görnüşleriniň käbiri gysga wagtda ýetişip, tomus aýlarynyň ilkinji günlerinde peýda bolýan bolsa, käsi has giç – tomsuň ahyrynda hatda güýz aýlarynda bişýär. Giç bişýän gawunlar galyň paçakly bolup, gyşa, hatda geljek ýylyň bahar aýlaryna çenli zaýalaman saklap bolýar. Şeýle bolansoň, şirin-şeker gawunlar ýylyň ähli paslynda diýen ýaly ak bazarlarymyzyň, desterhanlarymyzyň bezegi bolup durýar. Taryha ser salsak, meşhur türkmen gawunlarynyň has irki döwürde terligine ýörite ýasalan mis hem-de gurşun gaplara salnyp, arap ýurtlaryna, Ýewropa döwletlerine äkidilendigini bilýäris. Gawun şalaryň, han-begleriň desterhanlarynyň iň arzyly nygmatyna öwrülipdir. Türkmen gawuny diňe bir datly azyk önümi bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem saýylýar. Gawundan toşap, kak, sök ýaly peýdaly önümler taýýarlanýar. Bu önümler saglyk üçin hem örän peýdalydyr. Gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde giňden bellenilýär. Gawun gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda müň bir derdiň dermany hökmünde giňden ulanylypdyr. Olar köplenç gany az ýa-da ysgyndan gaçan näsaglara berlipdir. Gawunlar bagyr kesellerini bejermekde peýdalanylypdyr. Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler. Lukman Hekim gawunyň etini un bilen garyp, ýumşak melhem görnüşinde deri tegmillerini aýyrmakda ulanypdyr. Gawun iýseň nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär, Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr. Ýakymly ysy, süýji tagamy, jana şypalylygy bilen tapawutlanýan behişdi nygmat hasaplanylýan gawunyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.